Dutaryň owazy Halkara gözden geçirilişiniň çäklerinde Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna eserleriň bäsleşigi yglan edildi

Kompozitor Mämmet Guseýnowyň başlangyjy bilen geçirilýän we art-direktory bolan Nury Halmämmedow adyndaky Dutaryň owazy atly indi altynjy gezek geçirilýän Halkara sungatlar festiwaly 2020-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda Russiýanyň paýtagtynda geçiriler.

Indi däbe öwrülen aýdym-saz we sungat baýramy her ýyl Türkmenistanyň RF-däki Ilçihanasynyň, Moskwanyň hökümetiniň, Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň we Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň Prezidentiniň hut özüniň, ÝuNESKO-nyň hoşmeýilli Ilçisiniň, SSSR-iň we Russiýanyň halk nakgaşy Zurab Sereteliniň, şeýle hem Арт-центр ПЛЮС Köpugurly kompaniýasynyň we Музыкальный Клондайк Maglumatlar agentliginiň goldamagynda Moskwada geçirilýär.

Taslamanyň maksady halkara medeni gatnaşyklary ösdürmek we türkmen aýdym-saz sungatyny wagyz etmekdir.Döredijilik bäsleşigi türkmen kompozitorlyk mekdebiniň ajaýyp wekili, ХХ asyryň aýdym-saz medeniýetinde uly yz galdyran Nury Halmämmedowyň adyny göterýär. 2020-nji ýylda geçiriljek gözden geçirilişe taýýarlygyň çäklerinde şahyr Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna eserleri döretmäge bäsleşik yglan edildi, diri gezip ýörenliginde şu ýyl ol 80 ýaşamalydy.

Bäsleşik häzirki zaman kompozitorlarynyň döredijiligi we aýdym-saz sungatynyň ösüş ugurlary bilen tanyşdyrmaga, şeýle hem Gurbannazar Ezizowyň döredijilik mirasyny wagyz etmäge gönükdirilendir.Mälim bolşy ýaly, kompozitor Nury Halmämmedow bilen şahyr Gurbannazar Ezizow ençeme ýyllaryň dowamynda dostluk we döredijilik gatnaşygynda bolupdylar.

Bäsleşigiň emin agzalygyna Russiýadan, Türkmenistandan we ABŞ-dan tanymal kompozitorlar hem-de aýdymçylar çagyryldy.Bäsleşige ses we fortepiano üçin eserlerini teklip eden kompozitorlar gatnaşyp bilerler.Nota materiallary 2020-nji ýylyň 1-nji aprelinden 1-nji sentýabryna çenli şu elektron salgy: festival.sounds-of-dutar@mail.ru boýunça kabul edilýär.

Bäsleşigiň baýrak gaznasy ABŞ-nyň 1500 dollary möçberinde bellenildi.Birinji, saýlama (gaýybana) tapgyr 2020-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 1-nji oktýabry aralygynda geçiriler, onda eminler bäsleşige gatnaşyjylaryň iberen partituralaryny öwrenerler.

Bäsleşigiň II, jemleýji tapgyry 2020-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynda geçiriler.Aýgytlaýjy tapgyra çykanlar tomaşaçylary öz döreden eserleri bilen tanyşdyrarlar, konsert tamamlanandan soň emin agzalary ýeňijini we baýrakly orunlary eýelänleri yglan ederler.

Has takyk maglumatlary bäsleşigiň: dutar-sounds.ru resmi saýtyndan alyp bolar.Biz Nury Halmämmedow adyndaky Dutaryň owazy atly Halkara sungatlar festiwalyny geçirmek başlangyjy bilen çykyş eden we onuň art-direktory Mämmet Guseýnow bilen onlaýn-interwýu guradyk. -Mämmet Süleýmanowiç, bu festiwal diňe bir döredijilik bäsleşigi bolman, eýsem medeniýetler arasyndaky gatnaşyklaryň, aýdym-saz ýörelgeleriniň sintezi üçin meýdançadyr.

Diýmek, saz uniwersal sungat-da? -Festiwalyň konsepsiýasy medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam etmekdir, şunda saz ony baglaşdyryjy bolup çykyş edýär.Halkara gatnaşyklary hyzmatdaşlyga, häzirki zaman sungatynda etniki we nusgawy ýörelgeleri birleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Ajaýyp türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň döredijiligi, meniň pikirime görä, ýörelgeleriň we täzeçillikleriň sazlaşykly utgaşygynyň metaforasy bolup çykyş edýär.Ajaýyp kompozitoryň köpugurly döredijilik tilsimleri festiwalyň maksatnamasynda göz öňünde tutulan aýdym-saz, horeografiýa, poeziýa, žiwopis ýaly häzirki zaman sungatynyň žanrlarynyň ençemesiniň bolmagyny kesgitleýär.

Kompozitorlyk sungatyna bu ýerde halk, nusgawy we modern sazlarynyň sinkretizmi jähtinden baha berilýär.Geçen ýyllarda geçirilen Dutaryň owazy gözden geçirilişine sazandalaryň 500-e golaýy, şeýle hem Ermenistandan, Germaniýadan, Gazagystandan, Hytaýdan, BAE-den, Russiýadan, Sloweniýadan, ABŞ-dan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Fransiýadan, Günorta Koreýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan horeografiýa hem-de hor toparlary gatnaşdylar.

Festiwalyň Russiýanyň paýtagtynda geçirilmegi tötänden däldir.Bu şäher kompozitorlaryň ençemesiniň durmuşynda ykbal çözüji ähmiýete eýe boldy.Mysal üçin, ozalky soýuz respublikalarynyň häzirki GDA ýurtlarynyň aýdym-saz sungatynyň ajaýyp wekilleri, şol sanda Nury Halmämmedowam Moskwa konserwatoriýasyna bilim alypdylar.

Hut şu ýerde okan ýyllary ol tanymal sazanda Mylly Täçmyradowa bagyşlap Dutaryň owazy atly fortepiano eserini döredipdi.Dutar owazyna kybap bu özboluşly üýtgeşik eserde kompozitoryň ýiti zehini we döredijilik kämilligi ýüze çykypdy. -2015-nji ýyldan başlap forumyň çäklerinde köpugurly çäreler geçiirldi, olarda Nury Halmämmedowyň durmuşyndan şanly pursatlar beýan edildi... -Nury Halmämmedow köpgyraňly şahsyýet.

Onuň durmuş ýoly döredijilik gözlegleriniň we açyşlar ýoly, milli sazlara göwrümli owaz berip bilen hem-de nusgawy sazlara milli äheň çaýyp, duýgydaşlyk bildirmäge we haýran galmaga mejbur eden filosofiki pikirlere ýugrulan juda owadan eserleri döreden täzeçil kompozitoryň ýoly.

Festiwalyň çäklerinde maslahatlar, sergiler, bäsleşikler ýaly dürli çäreleri gurap, biz olary Nury Halmämmedowyň durmuşynda bolup geçen özgerişler wakalary bilen tema taýdan birleşdirmegi maksat edindik. Çeperçilik sergileri munuň aýdyň mysalydyr.

Olaryň ilkinjisi - Gadymy Merwiň rowaýatlary: obrazyň kemala gelşi atly sergi 2016-njy ýylda II festiwalyň çäklerinde geçirldi.Bilşimiz ýaly, Nury Halmämmedow Baýramaly şäheriniň çagalar öýünde terbýelenipdi, ÝuNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizilen Gadymy Merw Döwlet taryhy-medeni seýilgähi bu şäheriň eteginde ýerleşýär, elbetde, bu ýeriň taryhy älemi kompozitoryň döredijiligine täsir edipdi. 2017-nji ýylda III festiwalyň çäklerinde SSSR-iň halk nakgaşy Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna gabatlanyp, Gündogar ertekileri dünýäsinden atly miniatýuralar çeperçilik sergisi guraldy. Žiwopisçi bilen kompozirot dostdylar.

Yzzat Gylyjow 1979-njy ýylda Nury Halmämmedowyň Üç desse romanslar ýygyndysynyň çeperçilik bezegini ýerine ýetiripdi. 2018-nji ýylda IV festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri,Türkmenistanyň nakgaşlar birleşiginiň agzasy, Russiýanyň Kinematografiýaçylar birleşiginiň agzasy, Halkara multiplikatorlar guramasynyň (ASIFA) agzasy, Nury Halmämmedowyň dosty we onuň bilen bilelikde eserler döreden nakgaş, režisýor Ýewgeniý Iwanowiç Mihelsonyň Reňkler dünýäsi atly akwarel suratlarynyň sergisi geçirildi.

Kompozitor Mihelsonyň döreden multfilmleriniň sekizisine: Öýsüz-öwzarsyz Goňurja (1971ý.); Dostlar (1972ý.); Başagaýlyk (1974ý.); Çörek we oglanjyk (1975ý.); Hezil edip dynç aldym (1976ý.); Üç dogan we Ýaşyl Aždarha (1977ý.); Halyň neneň, Tilki dogan? (1978ý.); Düýe näme üçin ýandak iýýär? (1982ý.) saz ýazypdy.

Ylham (1982ý.) film-konserti olaryň bilelikdäki soňky işi bolupdy, oňa Nury Halmämmedowyň Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna döreden eserleri girizilipdi. 2019-njy ýylda V festiwalyň çäklerinde Russiýa çeperçilik akademiýasynyň Hormatly agzasy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Wladimir Artykowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp çeperçilik sergisi guraldy.

BDKI-nyň uçurymy Wladimir Artykow Türkmenfilm kinostudiýasynda işe başlapdy.Bu ýerde surata düşürilen Magtymguly filminde režisýor Alty Garlyýew, kompozitor Nury Halmämmedow, nakgaş Wladimir Artykow bile işläpdiler.Elbetde, kino sungaty Nury Halmämmedowyň döredijilik tilsimine täsir edipdi.

Ol sazlarynda melodiki panoramalary, iri planlary, öz gahrymanlarynyň psihologik portretlerini saz üsti bilen beýan edýärdi, sazda dramaturgiýa sarpa goýýardy, oňa mahsus ses detallaryny gazanmak üçin orkestre ýütgeşik saz guralyny goşýardy.

Kino Wladimir Artykowyňam žiwopis usulynda hem aýdyň göze ilýär. Şu ýyl Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlap biz Sungatda urşuň beýany atly ylmy-amaly maslahat guramagy we onuň jemleri boýunça makalalar ýygyndysyny neşir etmegi niýet edinýäris.

Ol Dutaryň owazy festiwalynyň howandarlygynda çykaryljak eýýäm dördünji ylmy ýygyndy bolar. -Dutaryň owazy festiwaly GDA ýurtlarynyň medeniýetara gatnaşyklarynda wajyp tapgyr açýar.Size sungatymyzy dünýä wagyz etmekde babatda alyp barýanz möhüm işiňiz üçin minnetdarlyk bildirýäris we döredijilik forumynyň ençeme ýyllap dowam etmegini, täze üýtgeşik ideýalary, täzeçillikleri we sungat dünýäsinde açyşlar arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

MOSKWADA PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY ŞYGARY MYNASYBETLI KONSERT GEÇIRILER
Taryh, däpler, häzirki döwür: sergi hakda söhbetden parçalar
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň konserti
Türkmenistanyň Prezidenti Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady