Ukraina, Russiýa garşy hüjümiň başladylmagyndan bäri günortada jemi 130 inedördül kilometrlik meýdanyň yzyna alynandygyny habar berdi.
Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasaro Anna Malýar, sosial mediadan beren habarnamasynda, soňky 1 hepde-de gündogar we günbatar frontunda başdan geçirlen wakalar hakynda maglumat berdi.
Ukrainanyň harby goşunynyň soňky bir hepdede hem goranyş hem-de hüjüm taýdan uly üstünlik gazanandygyny aýdan Malýar, ruslaryň Liman, Bahmut, Awdiýiwka we Marinka liniýalarynda hüjüm gurandygyny gürrüň berdi.
Malýar, “Ýokarda ady agzalýan ýerlerde güýçli çaknyşyklar dowam edýär. Geçen hepde şol liniýalarda 250-ä golaý çaknyşyk boldy. Duşman, harby merkezlerimize hüjüm etdi emma maksadyna ýetip bilmedi” diýdi.
Ukrainanyň harby goşunynyň garşy hüjümini dowam etdirýändigini aýdan Malýar “Soňky 1 hepdede esglerimiz pozisiýalaryny güýçlendirýär we duşmany ýok etmäge dowam edýär” diýdi.
Malýar “Yzyna alynan sebitleriň tutýan meýdany 17 inedördül kilometr artdy. Hüjümiň başlagyndan bäri günortada 130 inedördül kilometrlik meýdan yzyna alyndy” diýdi.
2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukrainanyň basylyp alynmagy üçin görkezme beripdi, şeýlelikde Russiýa-Ukraina söweşi başlapdy.