Täjigistanyň Milli muzeýinde täze sergi açyldy, ol Respublikanyň suw gorlaryny we buzluklary goramak ulgamyndaky başlangyçlaryna bagyşlandy diýip, MIR 24 habar berýär.
Sergi 2025-nji ýylda bellenjek Buzluklary goramagyň halkara ýylyna gabatlandy, açylyş dabarasyna taryhçylar, arheologlar, degişli edaralaryňdyr diplomatik wekilhanalaryň işgärleri gatnaşdylar. Muzeýiň işgärleri çäräniň maksadynyň jemgyýetçiligiň ünsüni howa meselelerine çekmekdigini aýdýarlar. Soňky onýyllyklarda Respublikada müňden gowrak buzluk ýok edildi.