Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň Duşenbe şäheri boýunça edarasynyň metbugat gullugy raýatlaryň, hususan-da kompýuter oýunlary merkezleriniň eýeleriniň dykgatyna ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, ahlaksyz we zorlukly mazmuny bolan wideorolikleriň hem-de oýunlaryň berk gadagan edilýändigini ýetirdi diýip, Daryo.uz habar berýär.
Medeniýet ministrliginiň taryhy-medeni barlagynyň çykaran çözgüdine laýyklykda, Counter-Strike we Grand Theft Auto (GTA) ýaly oýunlar özünde zorluk, kast etme we talaňçylyk ýaly sahnalary jemleýärler. Hukuk goraýjy edaralar şeýle oýunlar bilen yzygiderli gyzyklanmagyň käbir ýaşlara hem-de ýetginjeklere dürli jenaýatlara iteklemek bilen, ýaramaz täsir edýändigini belleýärler.
Şunuň bilen baglylykda, hukuk goraýjy edaralar oýun merkezleriniň eýelerinden şeýle oýunlaryň ýaýradylmagyny bes etmegi talap edýärler. Ene-atalar hem öz çagalaryna gözegçilik etmäge we olary zorlugy ündeýän oýunlardan daşda saklamaga çagyrylýar diýlip, habarda bellenýär.