Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň 14-nji oktýabrda, Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen "Merkezi Aziýa-Russiýa” sammitinde rus kärdeşi Wladimir Putine ýüzlenip aýdan sözleri, ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, 1991-nji ýylda dargan Sowet Soýuzynyň esasy mirasdüşeri bolan Russiýa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda täze bir ýagdaýyň döreýändigini yşarat edýär, Astana Russiýadan gidýän global kompaniýalaryň 300 çemesiniň Gazagystanda işlemäge taýýardygyny aýdýar, Aşgabat özüniň biznes üçin açykdygyny ýatladýar.
Emma ýerli synçy Aşgabadyň, geldi-geçer kadr syýasaty sebäpli, bu özgerişliklere taýýarlykly gelmändigini öňe sürýrär.
Sebitiň iň bir garyp ýurdunyň onlarça ýyl bäri häkimiýet başynda oturan lideri Emomali Rahmonyň Putine gönüläp aýdan sözleri gysga wagtda alty milliondan gowrak adam tarapyndan diňlendi.
Synçylaryň käbiri indi bu sebitiň liderleriniň Kremliň tüýdügine tans etmeli bolan döwrüniň tamamlanýandygyny, Moskwanyň agalyk möwrtiniň geçýändigini aýdýarlar. Bu ozal Özbegistanyň, soň Gazagystanyň Donbasdaky “garaşsyz respublikalar” diýilýänleri ykrar etmekden ýüz döndermeginden görnen bolsa, indi Rahmonyň Täjigistanyň harby bazalaryndaky ýagdaý baradaky pikirini açyk aýtmagyndan görünýär diýip, synçylar belleýär.
Putin täze formatda, 31 ýylda birinji gezek geçirilýän sammitde sözlän sözünde global ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny, sebitdäki kynçylyklary bellemek bilen, öňki sowet ýurtlarynyň arasynda köp ugurda ýola goýlan integrasiýanyň ösmeginiň öňüni almak, öňden gelýän ýakyn gatnaşyklary, syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy bozmak üçin daşardan synanyşyk edilýändigini ýaňzytdy, ýöne bu sözüni delillendirmek üçin hiç bir subutnama getirmedi.
“Biz häzir özümiziň ýaranlyk gatnaşyklarymyzy we strategiki hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek we ykdysadyýetimiziň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin öz ýurtlarymyzyň oňat utgaşdyrylan bilelikdäki ädimlerini ätmeklerine hakyky islegiň bardygyna ynanýarys” diýip, Putin aýtdy.
Emma Rahmon bu meselelerde düýpden başga pikirde eken. Ol: "Russiýa + Merkezi Aziýa... Amerika + Merkezi Aziýa... Günorta Koreýa + Merkezi Aziýa... Ýaponiýa + Merkezi Aziýa... Basym, belki-de, Pakistan + Merkezi Aziýa hem bolar. Hindistan + Merkezi Aziýa. Ýene kim galdy?” diýip, bu “bäşlikleri” ýaňsa aldy, olardan “netije bolmajakdygyny” ýaňzytdy.
“Merkezi Aziýa-Russiýa” sammiti, Moskwanyň Ukrainada başlan sebäpsiz urşy zerarly, günbatar ýurtlary tarapyndan girizilen ykdysady sanksiýalaryň aşagynda ýegşerýän Russiýanyň ozalky post-sowet ýurtlaryna soňky otuz ýylda iň mätäç bolan wagtynda geçirildi we sebitiň iki sany goňşy ýurdunyň, Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasynda bolan nobatdaky serhet çaknyşygynda onlarça adamyň öldürilmeginiň, Bişkegiň Kollektiw goranyş şertnamasy guramasynyň Yssykköl sebitinde geçirilmeli türgenleşigine gatnaşmakdan, gyrgyz prezidentiniň Putiniň doglan gününde geçirilen resmi däl ýygnanyşyga gelmekden ýüz öwürmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
Şeýle-de, metbugat habarlaryndan görnüşine görä, Rahmonyň Merkezi Aziýa respublikalaryna Sowet Soýuzy döwründäki ýaly äsgermelik edilmezligi, hormat goýulmagy barada aýdan sözleri gyrgyz, täjik we rus prezidentleriniň Astanada, Bişkek bilen Duşenbäniň serhet dawalary barada geçiren üç taraply gepleşiginiň, Sadyr Žaparow bilen Rahmonyň elleşip görüşmedik duşuşygynyň yz ýanyndan aýdyldy.
Maglumat üçin aýdylsa, Putin Ukraina garşy urşa başlaly bäri, MA ýurtlarynyň liderleriniň tas ählisine (Žaparowdan başga) orden hödürledi, Rahmony bolsa Astana sammtinden on gün "Watan öňünde bitiren hyzmatlary üçin” diýen ordeniň III derejesi bilen sylaglady.
Ýerli synçy, ozalky diplomat Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, Rahmonyň Moskwanyň sebit ýurtlaryna sowet döwründäki ýaly çemeleşmän, hormat goýmagy, maýa ýatyrmagy, “bäşlikler” barada aýdan sözleri onuň hakykatda, Putiniň Astanada gyrgyz we täjik prezidentleri bilen geçiren serhet maslahatyndan soň, bu dawanyň çözgüdinde gowşak pozisiýada bolmazlyk üçin Moskwa edýän basyşy hem bolup biler.
Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Marat Imankulowyň sözlerine görä, prezident Sadyr Žaparow Putinden gyrgyz-täjik serhedindäki meseleleri çözmäge kömek bermegini sorapdyr we, aýdylmagyna görä, rus lideri “soýuz republiklaryň arasyndaky araçäkler barada Moskwada has ynamdar maglumatlaryň bardygyny” aýdypdyr.
Täjik prezidentiniň öňki merkez bilen häzirki garaşsyz ýurtlaryň arasyndaky “deňsizlik”, kiçi halklara ýeterlik hormat goýulmazlygy barada aýdan sözleri gürrüňi edilýän meseleleriň sosial ulgamlarda has işjeň ara alnyp maslahatlaşylmagyna getirdi.
Käbirleri ony hakykaty aýdyp bilen gahryman hökmünde häsiýetlendirse, beýlekileri onuň özüniň awtoritar dolandyryşyny tankytlady, on müňlerçe täjigiň daşary ýurtlarda “sergezdan bolmagynda” “günäkärdigini” öňe sürdi.
Wideoda ýene bir ünsi çeken zat bolsa, “biz näme keseki ýerdenmi” diýip, içindäki gaharyny saklap bilmedik Rahmonyň “bize başga hiç zat gerek däl, diňe hormat, sylanyşyk gerek” diýip, Merkezi Aziýanyň Moskwa tarapyndan has köp maýa goýulmagyna mynasypdygy, bu maýanyň gysga wagtda özüni ödejekdigi barada aýdan sözleri bilen bagly.
Synçylar Rahmonyň biznes-forumlaryň esasan gazak we özbek paýtagtlarynda geçirilmeginden bildiren nägileliginiň SSSR döwründen gelýän ýagdaýlar bilen baglydygy, sebit merkezleriniň ala tutulmagynda şindem kän üýtgän zadyň ýokdugy bilen ylalaşýar.
Ýöne ozalky sowet emeldarynyň 30 ýyl soň dile getiren nägilelikleriniň diňe pul bilen baglydygyny aýdýanlar hem bar.
Britaniýada ýaşaýan Merkezi Aziýa hünärmeni Alişer Ilhamowyň öz feýsbuk sahypasynda ýazmagyna görä, Rahmon hakykatda Moskwanyň görkezmelerini ýene näçe gerek bolsa ýerine ýetirmäge taýýar, ýöne ol “wepalylyk üçin töleg tölenmegini isleýär”.
Onuň pikiriçe, Rahmon “uly” doganyň äsgermezliginden zeýrenýän hem bolsa, hakykatda öz kiçi dogan rolundan doly ýüz öwürmek islemeýär.
Ilhamowyň ynanjyna görä, bu öz hojaýynlary bilen bireýýämden bäri müşderi roluna giren Merkezi Aziýa liderleri üçin adaty ýagdaý bolup, Russiýa Federasiýasy indi öz wezipesini eýgermeýär we ornuny ýuwaş-ýuwaşdan Hytaýa berýär.
"Ýagny, ...režimler özleriniň ýarym kolonial statusyna, Russiýa Federasiýasynyň olara näme etmelidigini we kim bilen dost bolmalydygyny görkezmegini dowam etdirmegine garşy däl. Olar üçin esasy zat, Russiýa Federasiýasynyň ygrarlylyk üçin gaty walýutada hak tölemegi” diýip, Alişer Ilhamow pikir edýär.
Emma günbatar metbugaty Merkezi Aziýa liderleri bilen rus lideriniň arasynda dörän we kän göze görünmeýän dartgynlylyga başgarak gözden garaýana meňzeýär.
"Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşy sebäpli asgynlaýanadygyny duýup, onuň Merkezi Aziýadaky iň ýakyn ýaranlarynyň käbiri täze tutanýerlilik görkezýär” diýip, “Roýters” habar gullugynyň bu temadan çap eden makalasynda aýdylýar.
Neşiriň pikiriçe, sebitiň bäş post-sowet respublikasy, Russiýanyň Günbatar sanksiýalaryndan sowulmak maksady bilen öz bazarlaryna we söwda ýollaryna göz dikmegi netijesinde dörän täze tutarykdan habarly bolup, Moskwa garşy barha berk durýar.
Rahmonyň tolgunyp aýdan sözlerini oňaýsyzlyk bilen diňlän Putin, "Roýtersiň” bellemegine görä, Ukraina sebäpli girizilen günbatar sanksiýalary Russiýanyň söwdasyny bozanyndan soň, günorta goňşularyny täze logistika zynjyrlaryny gurmaga çagyrdy.
Maglumatlar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Täjigistanyň daşary söwda dolanyşygynyň eýýäm ep-esli ýokarlanandygyny görkezýär we, munuň sanksiýalar we daşary ýurt kärhanalarynyň köpçülikleýin çykyp gitmegi sebäpli Moskwanyň gönümel satyn alyp bilmeýän harytlarynyň Russiýa gaýtadan eksport edilmek ähtimallygy bilen baglydygy çaklanylýar.
Ukrainada barha çuňlaşýan kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan Moskwa beýleki post-sowet konfliktlerinde polisiýa wezipesini ýerine ýetirmek meselesinde ozalda-ahyrda bolmadyk synagdan geçirilýär diýip, “Roýters” belleýär.
Şu aralykda Russiýada işleýän halkara kompaniýalarynyň 50-den gowragynyň Gazagystana göçendigi mälim boldy.
Gazak premýeri Alihan Smailowyň tassyklamagyna görä, häzirki wagtda 300 sany global kompaniýa öz önümçiliklerini we ofislerini Russiýadan Gazagystana geçirmäge taýýar.
Ozal habar berlişi ýaly, Russiýanyň Ukraina garşy başlan harby çozuşyndan soň, müňden gowrak daşary ýurt kompaniýasy Russiýany terk etdi we soňky maglumatlar Gazagystanyň emele gelen dartgynly ýagdaýlaryň arasynda Hytaý bilen gatnaşyklaryny berkitmek, halkara kompaniýalaryny özüne çekmek meselelerinde utujy bolup çykandygyny yşarat edýär.
Emma Russiýadan gidýän halkara kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistana barmakçy bolýanlaryň bardygy ýa ýokdugy belli bolmady. Şol bir wagtda, "Trend" agentliginiň “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, amerikan kompaniýalary türkmen bazarynda hyzmatdaş gözleýär. Bu habary "Biznes Türkmenistan" neşiri hem çap etdi.
“Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň oktýabr aýynyň başynda geçirilen onlaýn duşuşygynda şu ýylyň ahyryna ABŞ-nyň işewür wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny gurnamak barada pikir alyşyldy diýip, habarda bellenýär.
Megerem şu we beýleki ýagdaýlar bilen baglylykda, “Asia Times” neşiri 18-nji oktýabrda prezident Serdar Berdimuhamedowyň daşary ýurt maýadarlaryny, diplomatlary we hökümetden aýry guramalary Türkmenistana çagyrýandygyny habar berdi.
“Günbatar synçylary Owganystan, Eýran, Gazagystan we Özbegistan ýaly esasy sebit oýunçylary bilen serhetleşýän, Hazar deňzinde uzyn kenar çäkleri bolan, baý, strategiki taýdan täsirli ýurt” Türkmenistana göz ýummak tendensiýalarynda ýalňyşýarlar diýip, Hawiýer M.
Piedra (Javier M.Piedra) ýazýar. Şeýle-de ol Türkmenistanyň owgan urşy döwründe özüniň NATO babatyndaky ýagşy niýetini görkezendigini, şol sanda Türkmenistanyň howa giňişliginiň ulanylmagy, logistika ýardamy bilen Demirgazyk Atlantika Şertnmasy Guramasyna goldaw berendigini ýatladýar.
Emma anonimlik şertinde we açyk gürleşen synçylaryň käbiri, geosyýasy mümkinçiliklerine we eýe bolan baýlyklaryna garamazdan, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň häzirki döreýän özgerişlikleriň arasynda halk bähbitlerini goramaga o diýen taýýar bolup bilmändiklerini, şu sebäpden Aşgabadyň ýakyn geljekde Hytaýyň täsirinde, mätäç ýagdaýda galmak ähtimallygynyň ýok däldigini öňe sürýärler.
2008-nji ýylda Türkmenistana gelen hytaý işewürlerine terjimeçilik eden, häzir Ýewropada ýaşaýan türkmenistanlynyň Azatlyga anonimlik şertinde gürrüň bermegine görä, Aşgabatdaky ýagdaýlar bilen tanşan hytaýly emeldar özara gürrüňçilikde biz bu ýerde diňe Chinatowan däl, basym Chinacountry hem gurarys’ diýmegi gowy görüpdir.
Ozalky diplomat Nurmuhammet Hanamow, netijesiz kadr syýasaty sebäpli, Aşgabadyň ýurt bähbitlerini gorap biljek tejribeli, dünýä ýagdaýyndan gowy baş çykarýan kadrlarynyň ýeterlik däldigine, bu ýagdaýyň hiç bir jähtden Türkmenistanyň bähbidine bolmajakdygyna ünsi çekýär.
“Näme üçin diýseňiz, Hytaýyň kadrlary gaty güýçli, Türkmenistan öz kadrlaryny taýýarlap bilenok, [türkmen] kadrlary gowşak. Şonuň üçin bir topar pudakda ýuwaş-ýuwaşdan Hytaý eýeläp, Türkmenistan garaşsyzlygyny elden giderip biler” diýip, häzir Awstriýada ýaşaýan raýat aktiwisti Azatlyk bilen eden telefon söhbetdeşliginde aýtdy.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 7-nji sentýabrda Hytaýyň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi.
Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi Sýan Naýçeniň hem gatnaşan duşuşygynda taraplar “özara düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň yzygiderli berkidiljekdigine ynam bildirdiler”.
Türkmen DIM-niň web sahypasynda aýdylmagyna görä, 2020-nji ýylda düýbi tutulan "Merkezi Aziýa-Hytaý" duşuşygynyň ähmiýeti güýçlenip, özara düşünişmäge we açyklyga goşant goşýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.