Duşanbede türkmen we täjik gümrükçileriniň bilelikdäki okuwlary geçirildi

Duşanbede türkmen we täjik gümrükçileriniň bilelikdäki okuwlary geçirildi

BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň guramagynda Duşanbe şäherinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky gümrük komitetiniň işgärleri üçin bilelikdäki nazary we amaly okuw çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Habar berlişi ýaly, täjik tarapyndan bu çärä Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Neşe serişdelerine gözegçilik gullugynyň işgärleri hem gatnaşdylar.

Okuw çäresi Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) halkara hünärmenleri tarapyndan geçirilip, onuň maksady ýokary töwekgelçilikli ýükleriň toparlara bölünişi we barlagy, şeýle hem gümrük gözegçiliginiň häzirki zaman usullaryny ulanmakda gatnaşyjylaryň nazary we amaly bilimlerini we başarnyklaryny güýçlendirmekden ybarat boldy.

Okuw çäresiniň nazary sapaklarynda Konteýnerler boýunça BGG Konwensiýasy (1972 ý.), konteýnerleriň tehniki häsiýetnamasy, Ýitmek howpy abanýan ýabany fauna we floranyň görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa, deňiz täjirçilik resminamalary temalaryna hem orun berildi. Amaly sapaklaryň dowamynda gatnaşyjylar töwekgelçiligi bahalandyrmak we dolandyrmak, neşe serişdelerini kesgitlemegiň usullary, şeýle hem konteýner howpsuzlygy meselelerinde bilimlerini berkitdiler.

Ýene degişli makalalar

“Serie A”-da super duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady
Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkiýä bardy, Aşgabatda hünärmenler dünýä energetikasynda Türkmenistanyň orny barada pikir alyşdylar, Astrahan oblasty Türkmenistan bilen gämi gurluşygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge taýyn we beýleki habarlar
Türkmenistanly talyplar Duşanbede geçiriljek Central Asian Spelling Bee bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
Iňlisçe sözleri harplap aýtmak bäsleşigi geçirildi
Täjigistandaky halkara kinofestiwalda türkmen filmi görkezilýär
Täjigistandaky halkara kinofestiwalda türkmen filmi görkezilýär
TÜRKMEN SURATKEŞI LEONARDO DA WINÇINIŇ PYNHAN ŞEKILLERINIŇ SYRYNY ÖWRENÝÄR