Sedat Önal düýn BMG-niň Baş Assambleýasynda Ukrainada basylyp alynan ýerler boýunça geçirilen ýokary gatnaşykly maslahata gatnaşdy.
Önal: “İndi giç galman hakykata laýyk, durnukly we iň esasysy iş ýüzüne geçirilme aýratynlygy bolan parahatçylyk üçin tagalla edilmeli” diýdi.
Ukrainadaky söweşiň täsirleriniň söweş meýdanyndan has uludygyny we adam ýitgisi bilen fiziki ýitgileriň günsaýyn artýandygyny beýan eden Önal, urşuň şol bir wagtda-da halkara parahatçylyga we howpsuzlyk taýdan global täsirleriniň bardygyny aýtdy.
Sedat Önal; “Türkiýe ilkinci gününden bäri durnukly pozisiýa eýeläp, bu söweşe garşy durup, Ukrainanyň territoriýasynyň anneksiýasyny ret etdi” diýdi.
Baş ilçi Önal Türkiýäniň Krymyň bikanun anneksiýasyndan bari Ukrainanyň territorial bitewiligini, özygtyýarlylygyny we syýasy birligini goldaýandygyny ýatlatdy.
Gara deňiz galla başlangycynyň diplomatiýanyň netice berýandigini görkezendigini beýan eden Önal; “Şol başlangyçdan ugur alyp, Gara deňizde howpsuz söwda gatnawynyň ýola goýulmagy üçin täze bir howpsuzlyk çarçuwasynyň döredilmegi üçin tagalla edýäris” diýdi.