12-nji iýulda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewanyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (ESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ESCAP bilen, hususan-da, ulag we energetika, howanyň üýtgemegi, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini peseltmek ugrunda, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasynyň (SPEKA) çäklerinde alnyp barylýan özara gatnaşyklar barada oňyn pikir alyşmalar geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda ESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary Türkmenistanyň Hökümetini Arkadag şäheriniň açylmagy bilen gutlady hem-de BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (ECOSOC) howandarlygynda ýokary derejeli syýasy forumyň çäklerinde Hemişelik wekilhana tarapyndan şu ýylyň 17-nji iýulynda guralýan “Durnukly şäher ulagy: BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça ýokary derejeli maslahatyna taýýarlyk we Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM-11) amala aşyrmakda Arkadag şäheriniň modeli” atly çärä özüniň gatnaşjakdygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Hemişelik wekili ESCAP-yň ýolbaşçylaryna we sekretariatyna 2023-nji ýylyň maý aýynda Komissiýanyň 79-njy mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Aral deňziniň basseýni üçin BMG-niň ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky kararyny kabul etmek işinde türkmen tarapyna beren goldawy we işjeň hyzmatdaşlygy üçin hoşallyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda durnukly ulag, energetika ykjamlygy hem-de özara baglanyşygy ösdürmekde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, Aziýa-Uwaş umman sebitinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi.