Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Kitap — paýhas çeşmesi atly kitap klubunyň çäginde Durnukly ösüş maksatlary boýunça duşuşyklar dowam edýär.
BMG-niň Aşgabatdaky binasynda bolup geçen nobatdaky duşuşyk Ähli zady öz içine alýan adalatly ýokary hilli bilimi üpjün etmek we hemmeler üçin ömürboýy okamak mümkinçiligini ösdürmek atly DÖM 4-üň durmuşa geçirilmegine bagyşlandy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiri habar berdi.
Duşuşyga Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistandaky BMGÖM-iň hünärmenleri sanly bilim, tehnologiýanyň jemgyýetiň durmuşyndaky orny ýaly mowzuklary düşündirdiler. Şeýle hem, talyplar BMGÖM-iň bu ugurda alyp barýan işleri bilen tanyşdylar.
Bilim almak adamlaryň durmuşynyň durmuş-ykdysady şertlerini gowulaşdyrmak üçin esas döredýär. Soňky on ýylyň dowamynda ähli derejelerde, esasanam, gyzlar üçin bilim almak we mekdep okuwynyň geriminiň giňeldilmeginde ep-esli ösüş gazanyldy.
Indiki duşuşyk iýun aýynda geçiriler we howanyň üýtgemegi hem daşky gurşawy goramak boýunça DÖM 13-üň durmuşa geçirilme meselesini gozgar.