DURNA UMYDY SAHNADA

DURNA UMYDY SAHNADA

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda sahnalaşdyrylan Durna umydy atly spektaklyň ilkinji gözden geçirilişi boldy.

Gadymy döwürlerde halkymyzda ynsan ogluna bagtyň, rysgal-döwletiň, üstünligiň gaýypdan berilýändigi hakynda ynanç bolupdyr.Muňa humaý guşunyň asmandan bir döwletli kişiniň başyna gonmagy hakyndaky rowaýatlary mysal getirse bolar.

Emma biziň gürrüňini etjek bolýan spektaklymyzda bagt durna görnüşinde zemine inýär.Gadymy gündogar halklarynyň ynançlarynda hem durna asman bilen zeminiň baglanyşygyny alamatlandyrýar. Şeýle hem ol wepadarlygyň, halallygyň nyşanydyr.

Sahnanyň edebi esasy üçin ýapon dramaturgy Kinosita Dzýundziniň Durna ýelegi atly eseri terjime edilip, Durna umydy ady bilen sahnalaşdyrylmagy Wolteriň meşhur jümlesini ýadyňa salýar.Onda: Zemin — şol bir sahnanyň dürlüçe atlandyrylyp oýnalýan äpet teatrydyr diýlip bellenilýär.

Maşgala bilen tomaşa etmäge niýetlenen bu sahna eseri Anna Meläýewiň edebi taýdan gaýtadan işlemeginde türkmen teatrlarynyň ençemesinde sahnalaşdyryldy.

Waka irki döwürlerde çet obalaryň birinde bolup geçýär. Güzeranyny halal zähmeti bilen dolandyryp ýören, ene topraga bagry badaşan daý- han ýigide bir ýaraly durna gabat gelýär. Rehimdarlygy, päk ýürekliligi üçin durna gyza öwrülip, ýigidiň öýüni bagt nury bilen ýagtyldýar, sönen ojagyny köredýär. Ol öz perlerinden mata dokaýar, ýigit olary bazarda satyp, gurplanyp ugraýar.

Spektaklda maşgalanyň ynsan durmuşyndaky orny dürli wakalaryň, dürli ynsan häsiýetleriniň üsti bilen töwerekleýin açylyp görkezilýär. Maşgalada birek-birege hormatyň, söýginiň, ynamyň bolmalydygy hakyndaky pikirler spektaklyň özenini emele getirýär. Bu duýgularyň dünýä baýlygyndan ýokarda durýandygy nygtalýar. Hilegärleriň pirimine, harsydünýäligiň kerebine çolaşan gapyl ýigit öz hakyky bagtyny saýgaryp bilmeýär.

Oýny goýan režissýor Guwanç Baýmetowyň özboluşly režissura çözgütleri keşpleri janlandyrýan artistleriň saýlanyp alynmagynda, sahna bezegleriniň adatdakydan üýtgeşikliliginde şöhlelenýär.

Sahna bezeglerinde ýumaklaryň, ikleriň, taranyň ala-matlarynyň peýdalanylmagy spektaklyň öňe sürýän esasy pikirine özboluşly öwüşgin çaýýar.Sahnanyň merkezinde ýerleşdirilen öýüň uklaryny alamatlandyrýan ýüpler kä pajarlap ösýän maşgala daragtyna öwrülse, käte ýigidiň çolaşan çoçgaryny alamatlandyryp, daşyna kerep bolup dolaşýar.

Bu režissýor bilen sahna bezegçisiniň sazlaşykly işiniň ýerine düşendigini aňladýar.Sahna bezegini zehinli suratkeş Gudrat Babaýew ýerine ýetiripdir.Sahna bezeglerinde, esasan, ak we gara reňklerden peýdalanylmagy durmuşdaky ýagşylyk bilen ýamanlygyň özboluşly sazlaşygyny şöhlelendirýär.

Sahnadaky garaňklygyň we ýagtylygyň üsti bilen döredilýän täsirler spektakla aýratyn öwüşgin berýär.Sahnadaky keşpler, esasan, teatryň ýaş artistlerine ynanylypdyr.Bu teatrda halypa-şägirtlik ýörelgesiniň mynasyp dowam etdirilýändigini aňladýar. Şeýle hem bu sahna oýnuna ýaşlaryň halypa artistleriň öňündäki synagy hökmünde hem baha berse bolar. Ýaş artistleriň keşpleri ynandyryjy ýerine ýetirişini syn lap, olaryň halypalaryň ussatlyk mekdebinde taplanýandyklaryna göz ýetirýärsiň.

Meşhur rus teatr we kino artisti Andreý Mironow: Aktýor sahnada döreýär diýer eken.Begli Dowlyýewiň, Ogulgerek Şyhyýewanyň, Döwran Bekdurdyýewiň, Begenç Mädalyýewiň sahnada özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen janlandyryşy ýurdumyzyň baýry teatrynda zehinli artistleriň täze nesliniň kemala gelýändigini görkezýär.

Spektaklyň saz bezegini ýerine ýetiren Meýlis Nuryýew wakalaryň dartgynlylygyna, gahrymanlaryň başdan geçirýän duýgularyna laýyk gelýän sazlardan peýdalanypdyr.Her bir esere baha berlende onuň özboluşlylygy hakynda gürrüň edilýär.Bu häsiýetlendirme Durna umydy atly spektaklyň edebi esasynda, beýan ediliş ýordumynda, režissura çözgütlerinde, artistleriň keşplere çemeleşmesinde göze ilýär.

Bu teatryň döredijilik toparynyň Garaşsyz Diýarymyzyň şanly baýramy mynasybetli taýýarlan ajaýyp zähmet sowgadynyň ýerine düşendigini alamatlandyrýar.

Gurban Gurbanow

Ýene degişli makalalar

Durna umydy atly spektakl sahnalaşdyryldy
Aşgabatda Möjekler we goýunlar atly täze sahna eseri görkeziler
ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA
Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda çagalar üçin täze spektakl sahnalaşdyryldy
Özbek dökünleri Türkmenbaşy portunyň üsti bilen Ýewropa ugradyldy
Brýusselde Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanyp döredilen wideoýazgynyň görkezilişi boldy