Durna umydy atly spektakl sahnalaşdyryldy

Durna umydy atly spektakl sahnalaşdyryldy

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda sahnalaşdyrylan Durna umydy atly spektaklyň ilkinji gözden geçirilişi boldy. Bu barada Daşoguz habarlary gazetinde habar berilýär.

Sahnanyň edebi esasy üçin ýapon dramaturgy Kinosita Dzýundziniň Durna ýelegi atly eseri terjime edilip, Durna umydy ady bilen sahnalaşdyrylmagy Wolteriň meşhur jümlesini ýadyňa salýar. Onda: Zemin — şol bir sahnanyň dürlüçe atlandyrylyp oýnalýan äpet teatrydyr diýlip bellenilýär. Maşgala bilen tomaşa etmäge niýetlenen bu sahna eseri Anna Meläýewiň edebi taýdan gaýtadan işlemeginde türkmen teatrlarynyň ençemesinde sahnalaşdyryldy.

Spektaklda maşgalanyň ynsan durmuşyndaky orny dürli wakalaryň, dürli ynsan häsiýetleriniň üsti bilen töwerekleýin açylyp görkezilýär. Maşgalada birek-birege hormatyň, söýginiň, ynamyň bolmalydygy hakyndaky pikirler spektaklyň özenini emele getirýär. Bu duýgularyň dünýä baýlygyndan ýokarda durýandygy nygtalýar. Hilegärleriň pirimine, harsydünýäligiň kerebine çolaşan gapyl ýigit öz hakyky bagtyny saýgaryp bilmeýär.

Oýny goýan režissýor Guwanç Baýmetowyň özboluşly režissura çözgütleri keşpleri janlandyrýan artistleriň saýlanyp alynmagynda, sahna bezegleriniň adatdakydan üýtgeşikliliginde şöhlelenýär.

Sahna bezeglerinde ýumaklaryň, ikleriň, taranyň alamatlarynyň peýdalanylmagy spektaklyň öňe sürýän esasy pikirine özboluşly öwüşgin çaýýar.Sahnanyň merkezinde ýerleşdirilen öýüň uklaryny alamatlandyrýan ýüpler kä pajarlap ösýän maşgala daragtyna öwrülse, käte ýigidiň çolaşan çoçgaryny alamatlandyryp, daşyna kerep bolup dolaşýar.

Bu režissýor bilen sahna bezegçisiniň sazlaşykly işiniň ýerine düşendigini aňladýar.Sahna bezegini zehinli suratkeş Gudrat Babaýew ýerine ýetiripdir.Sahna bezeglerinde, esasan, ak we gara reňklerden peýdalanylmagy durmuşdaky ýagşylyk bilen ýamanlygyň özboluşly sazlaşygyny şöhlelendirýär.

Sahnadaky garaňkylygyň we ýagtylygyň üsti bilen döredilýän täsirler spektakla aýratyn öwüşgin berýär.

Sahnadaky keşpler, esasan, teatryň ýaş artistlerine ynanylypdyr.Bu teatrda halypa-şägirtlik ýörelgesiniň mynasyp dowam etdirilýändigini aňladýar. Şeýle hem bu sahna oýnuna ýaşlaryň halypa artistleriň öňündäki synagy hökmünde hem baha berse bolar. Ýaş artistleriň keşpleri ynandyryjy ýerine ýetirişini synlap, olaryň halypalaryň ussatlyk mekdebinde taplanýandyklaryna göz ýetirýärsiň.

Meşhur rus teatr we kino artisti Andreý Mironow: Aktýor sahnada döreýär diýer eken.Begli Dowlyýewiň, Ogulgerek Şyhyýewanyň, Döwran Bekdurdyýewiň, Begenç Mädalyýewiň sahnada özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen janlandyryşy ýurdumyzyň baýry teatrynda zehinli artistleriň täze nesliniň kemala gelýändigini görkezýär.

Spektaklyň saz bezegini ýerine ýetiren Meýlis Nuryýew wakalaryň dartgynlylygyna, gahrymanlaryň başdan geçirýän duýgularyna laýyk gelýän sazlardan peýdalanypdyr.

Her bir esere baha berlende onuň özboluşlylygy hakynda gürrüň edilýär. Bu häsiýetlendirme Durna umydy atly spektaklyň edebi esasynda, beýan ediliş ýordumynda, režissura çözgütlerinde, artistleriň keşplere çemeleşmesinde göze ilýär. Bu teatryň döredijilik toparynyň Garaşsyz Türkmenistanyň şanly baýramy mynasybetli taýýarlan ajaýyp zähmet sowgadynyň ýerine düşendigini alamatlandyrýar.

Ýene degişli makalalar

DURNA UMYDY SAHNADA
ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA
Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda çagalar üçin täze spektakl sahnalaşdyryldy
Aşgabatda Möjekler we goýunlar atly täze sahna eseri görkeziler
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar