Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýewi, saglyk ýagdaýy sebäpli, wezipesinden boşadyp, bu wezipä Gülşat Mämmedowany belledi. Prezidentiň gol çeken degişli permanlary 6-njy maýda döwlet metbugatyndan çap edildi.
Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Arkadag şäheriniň häkimligi 2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde esaslandyryldy. Durdylyýew bu şäheriň ilkinji häkimi hökmünde arhiwlerde orun alýar.
Ol soňky 17 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ministr, hökümet başlygynyň orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi ýaly dürli ýokary wezipelerde işledi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary Durdylyýewi Aşgabatda eýesiz itleriň we pişikleriň ýok edilmegi bilen bagly kararlaryň kabul edilmeginde rol oýnan esasy emeldar hökmünde habar berýärdiler.
Döwlet telewideniýesiniň habarlaryndan çen tutulsa, ol Aşgabatda açylan meşhur alabaý heýkeliniň taslanylmagynda işjeň orun aldy.
Durdylyýew 2007-nji ýylda, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçen döwürlerinde gurluşyk we binagärlik ministriniň orunbasary hökmünde wezipe basgançaklarynda ýokary göterilip başlady. Ol 2008-2010-njy ýyllar aralygynda gurluşyk ministri, 2010-2013-nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäheriniň häkimi wezipelerinde işledi.
2013-2017-nji ýyllar aralygynda hökümet başlygynyň gurluşyk, energetika we senagat pudagyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine bellenen Durdylyýew, biraz soňra, Aşgabat şäheriniň häkimligine gaýtadan dolanyp bardy.
Döwlet mediasy soňky on ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýurtda gurlup ulanylmaga berlen iri taslamalar barada Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berlende Şamuhammet Durdylyýewi görkezýärdi.
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna degişli desgalaryň gurluşygynda, bu oýunlaryň öňüsyrasynda Aşgabatda açylan laçyn keşpli täze halkara howa menziliniň gurluşyk taslamalarynda, ýa-da Aşgabat-siti atly täze şäher taslamasynda, iň soňunda bolsa, Arkadag şäheriniň gurluşyk işlerinde Durdylyýew öňdäki orunlarda görkezilýärdi.
Azatlygyň çeşmeleri 2017-nji ýylda “Polimeks” türk kompaniýasy tarapyndan gurlan halkara howa menziliniň gurluşygynda näsazlyklaryň hasaba alnandygyny, aeroportyň çöküp başlan käbir binalaryny abatlamak üçin, ýörite komissiýanyň döredilendigini habar berdiler. Bu desganyň taslamalaryna şol wagt hökümet başlygynyň gurluşyk pudagyna gözegçilik eden orunbasary bolan Şamuhammet Durdylyýew işjeň gatnaşypdy.
Türkmen hökümeti, biraz soň, Aşgabat-siti atly täze akylly şäher taslamasyny öňe sürdi. Uly möçberlerde maliýe serişdelerini sarp etmek meýilleşdirilen mega taslama, Azatlygyň çeşmelerine görä, gurluşyk meýdanynda ýerasty suwlaryň tapylmagy bilen togtady. Bu taslama bilen bagly hasabatlarda hem Durdylyýew öň hatarlarda agzalýardy.
Ol Aşgabat-siti bilen bir hatarda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň, Arkadag şäheriniň gurluşyk taslamalaryna-da gatnaşdy. Öňki wise-premýer, öňki şäher häkimi, soňky 17 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýurduň iň köp döwlet serişdeleri sarp edilýän pudaklarynyň biri bolan gurluşyk pudagynda işjeň orun aldy.
Türkmenistanyň döwlet mediasy ýurtda ýokary wezipeli adamlaryň saglyk ýagdaýlary barada seýrek habar berýär. Şol seýrek habarlaryň birinde, döwlet telewideniýesi 2020-nji ýylyň noýabrynda Şamuhammet Durdylyýewiň “ýürek keseli” bilen keselhana ýerleşdirilendigini habar berdi.
Bu habardan dört ýyl soň, ol saglyk ýagdaýy sebäpli, şäher häkimi wezipesinden boşadylýar.
Turkmen.news neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, Durdylyýewiň, hususan-da Arkadag şäherindäki desgalaryň gurluşyk işlerine gatnaşýan kompanýalardan para almakda aýyplanýandygyny’ habar berdi.
Arkadag şäheriniň täze häkimi Gülşat Mämmedowa, mundan ozal, 2018-2023-nji ýyllar aralygynda türkmen mejlisine başlyklyk etdi. Onuň kanun çykaryjy ulgama ýolbaşçylyk eden döwründe ýurduň parlamenti iki palataly ulgama geçirilip, soňra bu reformalar ýatyryldy.
Türkmen metbugatyna görä, Mämmedowa şäher häkimi wezipesine bellenmezden ozal, häkimligiň Umumy bölüminiň müdiri wezipesini ýerine ýetirýärdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.