Durdylyýew Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi

Durdylyýew Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda Şamuhammet Durdylyýew Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi Aşgabatdan 30 kilometr günorta-günbatarda gurulýar. Taslamanyň bahasy 1,5 milliard amerikan dollaryna barabardyr.

Belläp geçsek, Şamuhammet Durdylyýew hünäri boýunça gurluşyk inženeri bolmak bilen, gurluşyk ulgamyna degişli dürli wezipelerde işledi. Ol Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we Aşgabat şäheriniň häkimi ýaly dürli wezipeleri alyp bardy. Ol 2021-nji ýylyň iýulynda Aşgabat-siti gurluşyk kärhanalarynyň direksiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenipdi

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Durdylyýew Arkadag şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy
Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezini Arkadag atlandyrmak göz öňünde tutulýar
Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, ýerli ýaşaýjylaryň hereketi çäklendirildi
Arkadag şäherinde ulaglar AK döwlet belgisi bilen hasaba alynýar, 'artykmaçlyklardan' peýdalanýar
Arkadag we Sankt-Peterburg hyzmatdaş şäherler bolarlar, Aşgabatda ýewreý Täze ýyly bellenildi, türkmen agyr atletikaçy Er-Riýadda geçirilen dünýä çempionatynda itekläp götermekde bürünç medal gazandy we beýleki habarlar
BMG-Habitatyň wekiliýeti Arkadag şäheri bilen tanyşdy