Durdy Baýramow: nakgaş barada ýatlamalardan

Onuň Görogly köçesindäki ussahanasyndaky ilkinji duşuşygymyz hakydamda müdimilik galypdyr. Bili düýe ýüňden dokalan guşakly, güler ýüzli pälwansypat biri maňa garşy ýylgyryp gelýärdi. Biz derrew dil tapdyk, bir aýlap meniň portretimi çeken döwri gyzykly söhbetde geçdi.

-Söz- adam köňlüniň aýnasy. Muny durmuş tejribämden gowy bilýän. Kimdir biriniň portretini çekjek bolýan diýeli, ýöne onuň gözlerinde ünji görýän. Gürleşip ugraýan-da, onuň ne aladasynyň barlygyny biljek bolup, oňa ýüregini dökmäge maý berýän... Ýüki ýeňlän kişiniň ýüzi-gözi ýylgyryp ugraýar welinem surata başlaýan, onsoň onuň suraty-keşbi öz-özünden döräp gidip otyr...

Ussat döredijliginiň käbir syrlary barada şeýle gürrüň beripdi. Soň-soňlaram maňa onuň bilen ençeme gezek söhbetdeş bolmak miýeser edipdi, men onuň göwnaçyklygna we hat-da nätanyş adamlara-da kömege taýýarlygyna haýran galýardym.

-Ýetimlik derdini çeken, açlykdyr kynçylygň nämedigini beýlekilerden gowy bilýän Durdy özünde bar zadyny bermäge taýyndy.Käte bazarda alan zatlarynyň baryny paýlap, öýüne eli boş galan wagtlaram bolýardy.

Onuň ýene bir geň häsiýeti bardy: ol hiç haçan çeken suratlaryny satmazdy.Garaşsyzlyk ýyllarynda Ýewropa ýurtlarynyň birinde halkara sergi guralypdy.Onda görkezmek üçin Durdynyň suratlarynyň birnäçesi saýlanyp alnypdy.

Sergi tamamlanandan soň menejerleriň biri nakgaşyň eserleriniň bäşisini satyn almakçy boldy.Durdy oňa suratlaryny hiç wagt satmandygyny, indem beýtmejekdigini aýtdy.Ol Men öz ýurdum hem ol ýerde ýaşaýan adamlar üçin çekýän“—diýipdi.

Ol şeýle gönümel we açyk göwünli adamdy.Onuň döreden eserlerine syn etseňizem munuň şeýedigine göz ýetirersiňiz,--diýip, onuň çagalyk dosty, taryh ylymlarynyň kandidaty, galamgär Gurban Agalyýew ýatlaýar.

...Bir gezek nakgaşlaryň biri Çüliden (häzirki Gökdereden) öýüne gaýdyp gelýän eken. Gün eýýäm öýle boluberipdir. Onuň gözi ýoluň gapdalyndaky depede başy şlýapaly, köýneginiň iliklerini ýazdyryp işläp duran birine düşüpdir. Eli çotgaly ol adam dünýäni unudyp işläp dur diýýär.Ony tanan kärdeşi, ulagyny saklap:

-Durdy, il-ä yssyda çeşme boýundaky baglaryň saýasynda dynç alýar, senem...-diýip, gülümsiräp söz gatypdyr.

Durdy işden başyny galdyrman işläp, durşuna:

-Men çeşmeleriň başynda dünç alyp ýatsam, tomusky bu owadan gülli jülgäni kim çeksin!—diýipdir.

...Durdy Baýramow 1938-nji ýylyň 14-nji aprelinde Baýramaly şäherinde dünýä inýär.Heniz çaga döwri ata-eneden jyda düşen Durdy Gyzylarbadyň (häzirki Serdar şäheriniň) çagalar öýünde terbiýelenýär.

Ol göwnaçyk, mätäje kömege gaýym rehimlidi. 1954-nji ýylda Durdy Baýramow Aşgabadyň Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik ýörüte orta mekdebine okuwa girýär.Onuň mugallymy Gennadiý Brusensow ýetginjegiň zehinlidigini bilenden oňa ähli babatda goldaw ýardam berýär.

Soňy bilen olaryň gatnaşygy dostluga öwrüldi.Durdy:“Gennadiý Brusensow maňa ata ornunda duran ilkinji mugallymdy“-diýip, mugallymyny mähir bilen ýatlaýr.1959-njy ýylda Durdy Baýramow Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky döwlet çeperçilik institutyna okuwa girip, tanymal žiwopisçi,SSSR-iň halk nakgaşy D.K.Moçalskiniň ussahanasynda tälim alýar.

Ol soň-soňlaram: Moskwada okan ýyllarym professor Dmitriý Moçalskiý maňa asylly, parasatly, berk bilim berdi“-dýip ýatlaýardy.

Halypasy turuwbaşdan okuwçysynyň rus žiwopisiniň nusgawy ýörelgelri bilen türkmen däpleriniň milliliginiň utgaşygyndan emele gelýän milli çeperçilik sungatynda täze ugry döretmäge islegini aňyp, oňa goldaw beripdi.Durdy dogduk diýaryň gözelligini beýan edýän eserleri, tanymal ekerançylaryň we senagat kärhanalarynyň zähmetkeşleriniň, burawlaýjylaryň, nebitçileriň we alymlaryň portretlerini çekdi.

Onuň eserleri diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem Tretýakow Döwlet galareýasynda, Gündogar halkarynyň sungaty Döwlet muzeýinde, Drezden galareýasynda, Toronto şäherini muzeýinde we başga-da belli sergi zallarynyň ençemesinde görkezildi.

Ol ýurduň iň zehinli nakgaşalrynyň hataryna girdi. 1965-nji ýylda ony SSSR Nakgaşlar birleşgine kabul etdiler. Ol döredijiligi bien bir hatarda Aşgabadyň çeperçilik ýörüte orta mekdebinde ýaşlara tälim hem berýärdi. Aýaly Düýägözel we dört gyzy ony ähli babatda goldaýardylar, ol söwerine bagyşlap Gözel“ atly tapgyrda grafiki suratlaryň 57-sini çekdi.

Türkmen nakgaşyna dünýä ýurtlarynyň ençemesinde gurnalan sergileriň 100-den gowragyna gatnaşmak miýesser etdi, bu bolsa onuň şan-şöhratyny has-da artdyrdy. 2012-nji ýylda ol Kanada güýzi“ atly eserler toplumyny döretdi.

Žiwopis we grafiki eserleriň 5 müňden gowragyny döreden Durdy Baýramow Türkmenistanyň halk nakgaşy we sungatda at gazanan işgäri, SSSR-iň we Türkmenistanyň ýaşlar baýraklarynyň, Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşiginiň B. Nuraly adyndaky baýragynyň, Watana söýgüsi üçin“ medalyň eýesi.

Ol Medeiýet adamlary“ tapgyryndan portretleriň 150-den gowagyny döretdi, şeýle inçe we güzaply işe ömrüniň 40 ýylyny bagş etdi.Onuň gahrymanlarynyň arasynda Tagan Baýramdurdyýew, Alty Garlyýew, Gara Seýitliýew, Çary Aşyrow, Ata Atajanow, Pomma Nurberdi, Atajan Tagan, Berdinazar Hudaýnazarow, Atamyrat Atabaýew, Sahy Jepbarow, Nury Halmämmedow, Hydyr Allanurow, şeýe hem daýhanlar, çopanlar, halyçylar...

bar. Şol adamlaryň portretlerine bakanyňda olaryň zehinidir gujur-gaýraty saňa-da geçen ýaly bolýar.

Nakgaşyň döreden Garagumyň al-elwan güllere bürenen baharynyň, misli haly ýazylan kimin gözellik berýän gül-pürçek Köpetdagyň baýyrlarynyň, Köýtendagyň şaglawuklarynyň, Sumbar jülgesiniň güýzüniň owadan görnüşleri göreni özüne bendi edýär.

Foto suratda-da ol ussatdy, ýöne ol suratlaryny sergä goýmandy.

Onuň kitaphonlygyna kärdeşleridir dostlary-da haýran galýardylar. Ol esasan sungat hakdaky kitaplaryň 6 müňden gowragyny toplapdy, olaryň arasynda XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başynda neşir edilen gymmatly kitaplar-da bar.

Durdy: Öýe gelip, elime kitap alanymdan arzyly dostuma duşan ýaly bolýaryn.Okap ugraýaň welin, köňlüňe üýtgeşik ylham inýär“-diýýärdi.Tejribeli halypa hökmünde ýaşlara höwes bilen kömek ederdi. Çagalar öýlerine baryp, ol ýerde terbiýelenýänleriň okuwy, durmuşy bilen gyzyklanardy.

Olaryň arasynda sungata höweseklerine duşsa begenerdi, gowy maslahatlar berip, soňam kömek ederdi.Her gezek olaryňka gelende suratlaryny sowgat bererdi, surat çekmegi halaýanlara çotgajyklar, reňkleri, dürli reňkli galamlary getirerdi.

Bir gezek çagalra ondan: Bize beýik şahyrmyz Magtymguly Pyragynyň suratyny çekip beräýiň. Ýöne ol hemmämiz görüp bilerimiz ýaly beýlekilerden uly bolsun !“—diýip haýyş etdiler.

Onuň çagalryň haýyşy bilen çeken suraty tutuş diwary tutup durdy.

Ýene degişli makalalar

Alaçsyzlyk medeniýeti: "Arkaç" operasy ýurtdan aýrylanlaryň agyr ykbalyna ünsi çekýär’
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
14.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda eden çykyşy
14.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Döwlet bilen halkyň jebisligi eziz Diýarymyzyň rowaçlygydyr
Çingiz Aýtmatowyň ýubileýine bagyşlanýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany