Duralga mobil goşundysynyň näsazlyklary aradan aýryldy

Duralga mobil goşundysynyň näsazlyklary aradan aýryldy

Duralga mobil goşundysynda iOS we Android ulanyjylary üçin näsazlyklar aradan aýryldy. Bu barada onlaýn hyzmaty döredijiler habar berdi.

Mundan ozal programma käbir tehniki sebäplere görä, wagtlaýyn işlemegini togtadypdy.

Ulanyjylar mobil goşundynyň düzedilen görnüşini Google Play-yň hem-de App Store-niň üsti bilen ýükläp ýa-da ozal bar bolan wersiýasyny täzeläp bilerler.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenawtoulaglary agentligi Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy bilen bilelikde Aşgabat şäherindäki awtobus ugurlary we duralgalary barada maglumat almak üçin amatly onlaýn hyzmaty döretmek maksady bilen Duralga mobil goşundysyny bilelikde işläp düzdi.

Duralga programmasynyň esasy aýratynlygy, awtobusyň belli bir duralga näçe wagtdan geljekdigini öz smartfonyňyzda onlaýn bilip bilersiňiz. Munuň üçin Hyundai kysymly şäheriçi awtobuslary ulaglaryň ýerleşýän ýeri barada maglumat iberýän GPS yzarlaýjylary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Ýene degişli makalalar

Duralga programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär
Aşgabatda we Arkadagda awtobuslaryň hereketlerini yzarlamak üçin Duralga goşundysyna täzelemeler girizildi
Aşgabatda 114 belgili täze awtobus ugry açyldy
10-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
TSTB sergisi öz işini 18-nji aprele çenli dowam eder, Duralga priloženiýasynyň işinde tehniki näsazlyklar ýüze çykdy, Setanta Sports Bellator 277-de Ýagşymyradowyň söweşini görkezer we beýleki täzelikler
Aşgabadyň ýaşaýjylary indi şäheriçi awtobuslaryň hereketini onlaýn yzarlap bilerler