Düzediş işlerine çekilýän adamlar Marynyň şeker zawodynda işledilýär, önümhanadan ýakymsyz ys gelýär

Düzediş işlerine çekilýän adamlar Marynyň şeker zawodynda işledilýär, önümhanadan ýakymsyz ys gelýär

Işçi ýetmezçiliginiň arasynda, zähmet-düzediş işlerine höküm edilen adamlar Mary şäherinde ýerleşýän şeker zawodynda işe çekilýär, bu ýerde alkogola baglylykdan bejergä mätäçlik çekýän adamlar hem bar diýip, zawodyň önümçilik işlerinden habarly çeşme Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Bu aralykda, ýerli ýaşaýjylar soňky birnäçe aý bäri bu önümçilik kärhanasynyň ýerleşýän ýerinden ýakymsyz bir ysyň şähere ýaýraýandygyny aýdýarlar.

“Şu günler işgär tapylmansoň, arakhorlykdan ejir çekip, alty aý möhlet bilen bejergi almaga iberilen adamlar, zähmet-düzediş edaralaryna höküm edilen adamlar zawoda getirilip başlandy. Olaryň işlerine özleri ýaly tussaglar gözegçilik edýär, her 10 adamdan iki adam gözegçi bellenýär” diýip, çeşme aýdýar.

Ol gözegçi hökmünde bellenen tussaglaryň öz garamagyndaky tussaglara’ zulum görkezýändigini, olary urup işledýändiklerini aýdýar.

“Öňler polisiýa işgärleriniň özleri olary urup işledýärdi, indi täze düzgün bar” diýip, çeşme aýdýar.

Şol bir wagtda, şeker zawodynyň öz işgärleri bu kärhanada düzediş işlerine çekilýän tussaglaryň zähmet gurallary, şol sanda, pil we pilçeler, hatda iş howpsuzlygy boýunça ellikler bilen hem üpjün edilmeýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanda zähmet-düzediş edaralary ilat arasynda köplenç gysgaça LTP hökmünde bilinýär.

Şeýle-de, Içeri işler edaralarynyň Ýörite dikeldiş merkezleri arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan bejergi alýan adamlara gözegçiligi üpjün edýär.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi düzediş işlerine höküm edilen adamlara alty aýdan iki ýyla çenli düzediş işini belläp bilýär.

Bulardan başga-da, Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, şeýle mätäçligi bolan adamlar ýerli kazyýetleriň karary bilen alty aýdan bir ýyla çenli Içeri işler ministrliginiň Ýörite bejeriş merkezlerine bejergi almak üçin iberilip bilinýär.

"Ýakymsyz ys ilata ynjalyksyzlyk berýär"Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan maryly ýaşaýjylaryň ençemesi soňky birnäçe aý bäri şeker zawodynyň ýerleşýän ýerinde “maslygyň ysyna meňzeş” ýakymsyz bir ysyň peýda bolandygyny aýdýarlar.

“Bu ýakymsyz ys şäheri tutuş diýen ýaly gurşap alýar. Adamlar, ilkibaşda, bu ysyň anyk çeşmesini takyklap bilmediler. Ýöne köp adam munuň şeker zawodynda saklanýan şugundyrlaryň çüýräp yslanmagy bilen düşündiripdi. Häzirki wagtda şugundyrlar daşalýar” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe zawod işçisi kärhananyň ambarlarynda baslygyp galan şugundyrlardan ýakymsyz ysyň gelýändigini. Hut şol sebäpden, bu ýagdaýa çydaman köp sanly işgäriň işden gidendigini aýdýarlar. Netijede, bu ýagdaý häkimiýetler tarapyndan zähmet-düzediş işlerine höküm edilen adamlaryň şeker zawodynyň işine çekilmegine getiripdir.

“Ambarlarda baslygyp galan şeker şugundyrlary şugundyra däl, malyň dersine meňzeýär. Bu hem çüýräp ýakymsyz ys emele getirýär. Erbet ys egin-eşiklerimize-de ornaýar, işdämiz kesilýär” diýip, işçiler aýdýar.

Ýerli ýaşaýjylar önümhanadan gelýän ysyň daş-töwerege ýaýraýandygyny, golaý-goltumdaky hojalyklaryň arkaýyn arassa howadan dem almakda kösenýändigini aýdýarlar.

“Ýakymsyz ys uzakly gün aýrylmaýar. Bu ýagdaý golaýdaky ýaşaýjylaryň durmuşyna gaty ýaramaz täsir ýetirýär. Häzir ýaz pasly gelensoň, hemmeler penjirelerini giňden açyp öýlerini mydama ýeljiretmek isleýär, ýöne ýakymsyz ysdan ýaňa penjireleri açyp bolmaýar. Ýaşuly adamlar, çagalar daşaryk çykyp, arassa howadan dem almakçy bolýar, emma agyz-burun örtüklerini dakynsaň-da peýdasy ýok. Adamlaryň işdäleri kesilýär” diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

Olar ýakymsyz ys boýunça arz-şikaýat bildirip, öý dolandyryş müdirliklerine we şäher häkimligine ýüz tutupdyrlar, ýöne bu arzalar netije bermändir.

“Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurduň ýeke-täk şeker önümçiligi kärhanasy bolup, ýurduň dürli sebitlerinde, hususan-da Balkan we Mary welaýatlarynda ýerleşýän ýörite ekerançylyk ýerlerinde döwlet tabşyrygy esasynda ösdürilip ýetişdirilýän şugundyrlar bu kärhana tabşyrylýar.

Öňki ýyllarda Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde hem täze şeker zawodyny gurmak meýilleşdirilipdi, ýöne soňra bu meýilnamalar başa barmady.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ýeralma we şugundyr ýaly käbir oba hojalyk ekinleri hem soňky ýyllarda döwlet tabşyrygyna girizildi.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy ýurduň dürli sebitlerinden “Maryşeker” kärhanasyna ýük ulaglarynda şugundyr daşamagyň güzaplary, şeýle-de ýurt raýatlarynyň şugundyr ýygnamak işlerine mejbury çekilmegi barada birnäçe gezek habar beripdi. Ekerançylyk meýdanlaryndan ýygnalyp alnan şugundyrlar “Maryşeker” kärhanasy tarapyndan gaýtadan işlenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

05.07.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
Prezident Berdimuhamedowa döwlet gurluşlaryndaky we býujet edaralarynsdaky korrupsiýa faktlary barada hasabat berildi
Balkan we Mary welaýatlarynda gant şugundyrynyň ekişi tamamlandy
Balkanda şugundyr ösdürip ýetişdirýän daýhanlar kösenýär
Aşgabadyň döwlet dükanlarynda şeker diňe irden çäkli satylýar, ýumurtga elýeterli, gaýtarga derek sakgyç berilýär
Balkanda býujet işgärleri şugundyr ýygmaga çekilýär, kärendeçiler hasyllaryny harmana tabşyrmakda kösenýär