Düwlenler üçin dikeldiş merkezi açylar

Ekologik başlangyçlary goldamak we ösdürmek boýunça “Kompas” gaznasy Dagystanyň döwlet uniwersitetiniň Ekologiýa we durnukly ösüş instituty bilen bilelikde Hazar düwlenlerini goramak boýunça toplumlaýyn maksatnamany döretmegi meýilleşdirýär. Deňiz jandarlaryny halas etmek ugrunda çäreleriň biri olaryň saglygyny dikeldiş merkezini açmakdyr diýlip, gaznanyň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýlelikde, “Kompas” gaznasy, ady agzalan institutuň alymlary bilen bilelikde Hazar düwlenlerini öwrenmek we gorap saklamak boýunça giňişleýin maksatnama işläp düzüp başlady. Ekologlar we alymlar Hazar deňziniň ekoulgamynda möhüm orun eýeleýän Gyzyl kitaba girizilen bu jandaryň azalmagynyň öňüni almagy maksat edinýärler. Taslamanyň çäklerinde keselli we balykçylaryň toruna düşüp ýaralanan düwlenler üçin dikeldiş merkezini döretmek meýilleşdirilýär.

Düwlenleri halas etmek boýunça maksatnama ýerli balykçylar we talyp meýletinçiler gatnaşar.Ylmy-barlag işleri şu aýyň içinde başlanar.Hazar düwlenleri Hazar deňziniň ýeke-täk süýdemdirijisidir.Ol 2008-nji ýylda Halkara tebigaty goramak bileleşigi tarapyndan ýitip ýok bolmak howpy abanýan görnüş hökmünde hasaba alyndy. 2015-nji ýylda Dagystanda jandarlaryň bu görnüşini gorap saklamak boýunça maksatnama kabul edildi. 2020-nji ýylda Hazar düwleni Russiýanyň Gyzyl kitabyna girizildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Halkara Hazar Sanly Forumyna gatnaşmaga çagyrylýar
Gurban Berdiýew Dinamonyň prezidentiniň geňeşçiligine bellenildi
20-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň ekin meýdanlaryny çekirtge basdy
Dagystanda Guralan Hüjümde 7 Adam Ýogaldy
Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolan terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistan Dagystanda geçiriljek sanly ulgam boýunça foruma çagyrylýar