Dürli milletleriň wekilleri milli geýimde we öz hasabyna prezidentiň kakasynyň ýas çäresine ugradylýar

Dürli milletleriň wekilleri milli geýimde we öz hasabyna prezidentiň kakasynyň ýas çäresine ugradylýar

Türkmenistanyň häkimiýetleri prezidentiň ýogalan kakasynyň ýas çärelerini geçirmegini we muňa taýýarlyklaryny dowam etdirýärler. Welaýatlarda ilatdan pul ýygnalýar we ýerli wekiller, şol sanda etnik azlyklaryň wekilleri Aşgabada iberilýär.

Azatlygyň habarçylarynyň we garaşsyz habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Mälikguly Berdimuhamedowyň patasynyň ýedisine hepdäniň şenbe güni 24-nji aprelde Aşgabatda geçiriljek sadakalara ibermek üçin welaýatlardan saýlanan gatnaşyjylaryň arasynda ähli milletleriň wekilleri bolmaly, olaryň ählisi öz milli geýimlerinde barmaly edilipdir.

Döwlet metbugaty prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň 89 ýaşynyň içinde ölendigini 18-nji aprelde habar berdi, emma onuň ýogalmagynyň sebäbi we jaýlanmagyna, ýasyna degişli jikme-jikleri mälim etmedi.

Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleri Mälikguly Berdimuhamedowyň 18-nji aprelde ýekşenbe güni Ahal welaýatynyň Yzgant obasynda jaýlanandygyny aýdýarlar.

Habarçylarymyz ýakyn günlerde prezidentiň merhum kakasynyň üçüsiniň berlendigini aýdýarlar.Aşgabatdaky sadakalara welaýatlardan häkimlikleriň resmileri, kanun goraýjy edaralaryň we Milli howpsuzlyk ministrliginiň wekilleri, şeýle-de ozal ýolbaşçy wezipelerinde işlän ýaşulylar ugradylypdyr. Şeýle-de, ygtybarly çeşmelere görä, ýasa baranlar prezidentiň özüni görmändir, ýöne onuň hem çadyrlaryň birinde oturandygy olara aýdylypdyr.

Bu ýas çäresi Mälikguly Berdimuhamedowyň ýaşan Türkmenbaşy şaýoly we Arçabil köçesiniň çatrygyndaky öýüniň golaýynda gurlan 10 golaý çadyrda geçirilipdir.

Şeýle hem çeşmeler merhumyň patasynyň üçüsine gatnaşanlaryň uçar bilen Aşgabat şäherine eltilendigini, emma yzyna her kimiň öz hasabyna, şol sanda awtoulagly gelendigini habar berdiler.

Indi prezidentiň merhum kakasynyň ýedisine Aşgabatda geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin welaýatlarda adam toplanýar.

22-nji aprelde Daşoguzda we onuň töwereginde Aşgabat şäherine gitmek üçin orta mekdeplerinde 2 adamdan saýlandy.Olaryň pasportlaryny ýygnap, öz hasabyna ugradyljakdygy duýduryldy. Ýene bir talap, olaryň milli eşikli bolmagyna degişli bolup, türkmenler we beýleki milletleriň wekilleri öz hasabyna eşik taýýarlamaly.

Hususan-da, özbekler adaty özbek eşiklerini geýmeli, ýöne reňkli diňe gara we ak bolmaly.Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi.

Habarçy "Bazarlar ýapyk, hemmeler zerur matalary gözlemek üçin ylgaýarlar" - diýip belledi.

Paýtagt iberilen sebitleriň ýaşaýjylary, prezidentiň kakasynyň aradan çykan ýedinji güni, şenbe güni geçiriljek hatyra çäresine gatnaşarlar.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiriniň belleýşi ýaly, munuň bilen guramaçylar prezidentiň kakasynyň ölümi sebäpli ähli milletleriň hasratyny görkezmek isleýärler.

Neşriň habaryna görä, çärä gatnaşmak üçin Daşoguzdaky her mekdepden iki mugallym paýtagta iberiler.

Özbek milletiniň wekilleri bu çärede milli geýimli bolmaly. Aýallar ak-gara şaý köýnekli we donly, erkekler donly we özbek tahýaly barmaly. Şol bir wagtyň özünde, neşir öz maglumatynda köp ýyllap Türkmenistanda milli özbek eşikleriniň geýilmeginiň oňlanmanlygyny belleýär. Özbek aýallary işe türkmen köýneklerini geýmäge mejbur edilýär.

Welaýatlaryň özlerinde hem ýas çäreleri gurnalýar. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Mary we Lebap welaýatlarynda Mälikguly Berdimuhamedowyň hatyrasyna sadakalary geçirmek planlaşdyrylýar we munuň çykdajylary üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýar.

Resmi habarlarda Mälikguly Berdimuhamedow gahryman we ýaşlar üçin görelde diýlip atlandyrylýar. Prezidentiň atasynyň öz obadaşlaryna kömek edendigi, "Biz ýeňeris", "Goý, uruş bolmasyn", "Kän ekeliň dänäni" atly diýen goşgulary ýazandygy habar berildi.

On ýyl bäri türkmen metbugaty prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowy, ejesi Ogulabady we atasy Berdimuhammet Annaýewi şöhratlandyrýar. Türkmenistanda Mälikguly Berdimuhamedowyň adyna medal döredildi. 2012-nji ýylda onuň dogduk obasy Yzgantda ýadygärlik dikildi. Aşgabatdaky 1001-nji harby bölüm, şeýle hem Çoganlyda Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin gurlan ýaşaýyş jaý toplumy onuň adyny göterýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Ahal welaýatyndaky täze şähere dakyljak at barada ilatdan teklipler alynýar
Okyjy: Türkmenistan döwleti 99 ýaşady
Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Yzgantda agzaçar sadakasyny berdiler
Balkanda prezidentiň enesini hatyralap, ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna  anna agşamlary’ berilýär
Ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip