Dünýäniň ýedi tebigy täsinliginiň biri

Dünýäniň ýedi tebigy täsinliginiň biri hasaplanýan Uly barýer rifi dünýäniň iň özüne çekiji syýahatçylyk nokatlarynyň biridir.Awstraliýanyň Kwinslend ştatynyň gündogar kenarlaryndaky bu giň ekoulgam 2900 km-den gowrak aralygy öz içine alýar. Ýuwaş ummanyndaky bu rifiň çäginde 2900 merjen gaýalygy, 900 töweregi ada bolup, balygyň 1500-den gowrak görnüşi ýaşaýar.

Suwasty we beýleki tebigy täsinlikler her ýylda 2 milliondan gowrak syýahatçyny özüne çekýär.Janly organizmlere baý bolan sebit 1981-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.Rifiň demirgazyk bölegindäki Keýp-Ýork ýarymadasynyň kenaryndaky Kerns şäheri has köp syýahatçyny özüne çekýär.

Sebäbi bu ýeri rife barmak üçin iň ýakyn nokat hasaplanýar. Şeýle hem şäher tebigy täsinliklere tomaşa etmek üçin demir ýol ulgamy hem-de Botanika baglary bilen meşhurdyr.Kenarýakadan günorta rifiň ortasyna tarap gidilende, Tounswill şäheri, Uitsundi, Hamilton adalary syýahatçylaryň iň köp barýan ýerleriniň biridir.

Bu ýere deňiz kenaryna ýelkenli gämide gezelenç etmek isleýänler, suwuň aşagyndaky gözelliklere syn etmegi halaýan jahankeşdeler gelýär. Şeýle hem syýahatçylar deňiz bilen adalaryň birleşýän ýerini guşuçar belentlikden synlap bilýärler.

Uly barýer rifiniň çäklerinde endemiki deňiz jandarlarynyň hem onlarçasy bar.Olaryň arasynda dýogin ýaly deňiz süýdemdirijileri, pyşbagalar we beýleki jandarlar bar.

Ýene degişli makalalar

Paýtagtyň ýylylyk üpjünçiligi bökdelýär
Seýil edeliň bu jahana Singapuryň täsinlikleri
Ýene-de Şammy. Aşgabatdaky meşhur baryň müşderileri 'ýegeniň' gazabyna duçar boldy
10 ýyldan soň açyldy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde aspiranturada we doktoranturada täze hünärler açyldy
Täjigistanyň Baş Botanika bagy 90 ýaşady
Türkmen tebigatynyň gözellik dünýäsine syýahat: Sarygamyş köli