Dünýäniň täsin stadionlary 3

Argentinada “Avellaneda” derbisi “Riwer Pleýt”“Boko Huniors”, ýagny “Superclasico” derbisinden soň, iň esasy 2-nji derbi hasaplanýar. Buenos Aýres welaýatynyň

çägindäki Awellaneda port şäheriniň derbisinde “Independiente” bilen “Rasing” klublary duşuşýar. Bu iki topar ýurduň iň uly 5 klubunuň arasynda bolup,

beýlekiler “Boko Huniors”, “Riwer Pleýt” hem-de “San Lorenzo” toparlarydyr.

Aslynda islendik şäherdäki iri

stadionlaryň arasy hemişe biri-birinden uzagrak ýagdaýda gurulýar. Ýöne “Avellaneda” derbisiniň klublarynyň stadionlarynyň arasy welin

juda golaý. Iki stadionyň aralygy 300-400 metr

bolup, “Independiente” kluby öz duşuşyklaryny “Estadio

Libertadores de America” stadionynda oýnaýar. 48069

tomaşaça niýetlenen bu stadion 1928-nji ýylyň 4-nji martynda

gurlup ulanylmaga berilýär. Özboluşly bu stadion halk arasynda “La Doble Visera de Cemento” diýen at bilen

meşhurlyga eýedir. Maglumatlara görä, bu desga Günorta Amerikada sementden

gurlan ilkinji stadion hasaplanylýar.

“Rasing” kluby-da öz duşuşyklaryny Huan Domingo Peronyň adyny göterýän stadionynda geçirip, bu desga 1950-nji ýylyň 3-nji sentýabryndan

bäri toparyň “öýi” hasaplanýar. 61 müň

tomaşaçy orunlyk stadiona halk arasynda “El Cilindro

de Avellaneda” ýa-da “El Koliseo” diýilýär. Toparyň bu stadiony ozalky “Estadio Alsina y Kolon”

stadiony ýykylyp, şol ýerde guruldy. Nemes inženerleriniň taslamasy esasynda

gurlan bu stadionda 1997-nji ýylda abatlaýyş işleri geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Ak lentalaryň astynda gazanylan çempionlyk (Dünýä Kubogy 1978)
Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler
Çempion “Boko Huniors”
Kiçijik Leo nädip Messi boldy
“Real Madridiň” yzly-yzyna 3-nji çempionlygy
Günorta Amerikanyň sungat we medeniýet merkezi Buenos-Aýres