Dünýäniň täsin ösümlikleri

Soňky ýyllarda tebigatda käbir ösümlikleriň ýa-da mör-möjekleriň sany azalýar.Muňa biz gündelik durmuşymyzda hem gabat gelýäris.Käbir adam birnäçe ýyl ozal has köp göze ilýän janly-jandary köp wagtdan bäri görmeýändigini aýdýar.

Bu ýagdaý diňe klimatyň üýtgemegi bilen däl, eýsem, şäherleşmegiň artmagy netijesinde hem bolup bilýär. Şeýle hem oba hojalygynda ulanylýan dermanlar janly-jandarlaryň göçmeklerine getirip bilýär.Emma käbir endemik ösümlikler, diňe belli çäk aralygyndaky şertlerde ýaşaýandygy sebäpli sany azalýar.

Ilatly ýerden has uzakda bitýän bu ösümlikler gündelik durmuşda gabat gelýän beýleki ösümliklere meňzemeýär.Bilermenler bu ösümlikleriň soňky tohumyny taşlanlarynyň hem bardygyny tassyklaýarlar. Şeýle bolansoň olary emeli usulda köpeltmek üçin zerur işler geçirilýär. Şol agaçlaryň we gülleriň käbiri we olar baradaky gysgaça maglumatlary size ýetirýäris.

Kuiwer agajy. Dünýäniň iň gurak ýerleriniň biri bolan Namibiýadaky çöllerde ösýän bu agaç asyrlaryň dowamynda ýerli ýaşaýjylar üçin örän gymmatly hasaplanypdyr.Sebäbi onuň ýumşak bolmagy gaýtadan işläp, gündelik durmuşda ulanylýan gurallary aňsatlyk bilen ýasamaga mümkinçilik beripdir. Ýerli san halkynyň dilinden terjime edilende, titreýän diýmegi aňladýan bu agajy oýup, dürli gaplar ýasalypdyr. Çölde bitýän bu ösümlik Günorta Amerikada hem gabat gelýär.

Baobab agajy. (Suraty ýokarda) Madagaskar adasynda we Awstraliýada ösýän bu ösümligiň sekiz görnüşi bar.Oňa adansoniýa hem diýilýär.Mundan başga-da, maýmynyň çöregi, çüýşe agajy ýaly atlary hem bar. Çüýşe diýilmeginiň sebäbi aşa gurak tebigatda ösýändigine garamazdan, onuň düzüminde köp mukdarda suw saklanýar. Şol sebäpli olar aňsat ýanmaýar.

Kähalatlarda tokaýda ýangyn dörände bu agaçlar ýanman galýar.Diametri 15 metre ýetýän bu agajyň bir düýbünde 115 tonna suw saklanýandygy anyklanypdyr.Bu ösümlik ýagyşly möwsümde düzümine suw ýygnaýar. Şol mahal agajyň düzüminiň 76 göterimi suwdan ybarat bolýar. Ýerli ilat guran agaçlaryň ýokarsyny kesip, ortasyndaky köwegi suw saklamak üçin hem peýdalanýar.

Agajyň boýy 40 metre çenli ýetýär.Onuň ýapraklaryndan, miwesinden, saýasyndan peýdalanýan onlarça jandar bolup, kiçiräk ekoulgamy döredýär.Baobabyň gabygynyň astyndan alynýan süýümden ýüp, sebet, egin-eşik ýaly zatlar taýýarlanýar.

Onuň artylan gabygy gysga wagtdan gaýtadan ösüp çykýar.Agajyň miwesi, ýapraklary we gülleri iýmit hökmünde peýdalanylýar.Miwesinden süýji şerbetler taýýarlanýar.Deňiz derejesinden 450-600 metr belentlikde ösýän bu ösümlik tebigy we emeli usulda köpelýär.

Täsin ýeri, adatça, agaçlar kesilende onuň ýaşyny anyklamaga ýardam edýän halkalar bu agajyň içinde görünmeýär.

Kauri agajy. Birmahallar Täze Zelandiýada deňiz kenarynda kauri tokaýlyklary bolupdyr. Olaryň arasynda ýaşy 1200-e ýetenleri hem bolupdyr. Irki döwürlerden bäri kauri gaýyk ýasamakda peýdalanylypdyr. Olaryň sany wagtyň geçmegi bilen görnetin azalypdyr. Şol sebäpli bu ösümligiň Demirgazyk adasynda saklanyp galan soňky nusgalary gorag astyna alnypdyr.

Raffleziýa güli. Ösümligiň gülüniň diametri bir metre, agramy 9 kilograma çenli bolup bilýär.Indoneziýada, Malaýziýada we beýleki Günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynda bitýän ösümlik dünýäniň iň uly güli hasaplanýar.

Ylmy ady Rafflesia arnoldii atly ösümligiň güli ýylda bir gezek açylýar. Ösümlik hasap edilýändigine garamazdan, fotosintez hadysasyny amala aşyrmaýan, köki we ýapragy hem bolmadyk Rafflesia arnoldii-niň açylan wagty ýaýradýan ysy siňekleri we beýleki mör-möjekleri özüne çekýär. Şeýlelikde, mör-möjekler gülüň tozgalanmagyna ýardam edýär.

Beýleki ösümliklere ýapyşyp ösýän bu gülüň köki ýok.Ol adatça, üzüm ýaly çyrmaşyp ösýän ösümlikleriň şahasynda bitýär.Bu ösümlik Indoneziýada ak jasmin hem-de Aý orhideýasy bilen bilelikde milli simwol hasaplanýar.

Welwiçiýa Mirabilis. Meşhur awstriýaly botanik Fridris Welwiçiň hormatyna şeýle at berlen ösümlik, esasan, Namibiýada, deňiz kenarynyň 100 kilometre çenli aralygyndaky çölde bitýär. Iki ýaprakdan we kökden ybarat bolan ot 400 ýyldan 1 müň 500 ýyla çenli ýaşaýar. Onuň ýapraklary 2 metrden 4 metre çenli aralykda bolýar.

Halfmens. Ylmy dilde Pachypodium namaquanum diýlip atlandyrylýan bu täsin ösümlik sütüne meňzäp, şahalary bolmaýar. Ýokarsyndaky şahalary kesilen palma meňzeş bolan bu ösümlik deňiz derejesinden 300-900 metr belentlikde, gurak hem daşly ýerlerde ösýär.

Afrikan gidnorasy. Gyzyl reňkli güli bolan ösümlik Günorta Afrikada bitýän täsin ösümlikleriň biri hasaplanýar.

Başga bir ösümligiň köküne birigip ösýän bu ösümlik gül açan wagty mör-möjekleri özüne çekýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň rahat ýurdy
Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasy Halkara parahatçylyk güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ysraýylyň Afrika Bileleşigine Synçy Agzalygyna Reaksiýa Bildirildi
2020-nji ýylda tapylan ösümlikler
Türkmenistanyň raýatlyk pasporty H&P reýtinginde 87-nji ýere çykdy