Dünýäniň täsin howuzlary

Ýatda galyjy başdan geçirmelere baý bolan üýtgeşik ýerler ynsany rahatlandyrýar, durmuşa bolan höwesini artdyrýar.Bu ýerler diňe bir täsin bolman, eýsem, öz myhmanlaryna rahat dynç alyş üçin amatly şertleri hem döredýär. Ýer ýüzünde her möwsüme mahsus dynç alyş merkezleri bar.

Syýahatçylyk bilermenleri dünýäniň iň owadan, ajaýyp howuzlarynyň sanawyny taýýarlapdyrlar.Geliň, adaty howuzlardan örän tapawutly bolan bu ýerleriň käbiri hakynda gysgaça maglumatlara seredeliň!

Dünýäde iň uly üsti ýapyk howuz: Aşgabadyň käbir desgalary belli bir ugurdaky ölçegleri boýunça Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.Rekordlar kitabynyň wekilleri Olimpiýa şäherçesindäki Sportuň suw görnüşleri merkezini dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde ykrar etdiler.

Bu suw toplumynda sportuň suwda ýüzmek we suwa bökmek görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlara bir wagtda 5 müň adam tomaşa edip bilýär.Suw toplumynyň diwarlarynda dürli meýdanly dört howuz ýerleşdirilendir.

Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleriniň 2017-nji ýylyň 26-njy aprelinde geçiren ölçeglerine laýyklykda, toplumyň howuzlarynyň umumy meýdany 4 müň 976,65 inedördül metre (53 568 inedördül fut) barabardyr.

Dag manzarly howuz: Alp daglarynyň tebigatynyň nähili täsir galdyryjy we ajaýypdygyny bilýärmisiňiz?Alp daglarynyň Şweýsariýadaky böleginde ýerleşýän myhmanhana hem ajaýyp howzy bilen görenleri özüne çekýär.Bu howuz ýylyň islendik paslynda suwunyň mylaýymlygy bilen ünsi özüne çekýär.

Howzuň suwunyň ýylylygy tomusda-da, gyşda-da 34 derejä barabardyr.Howuzda ýüzýänler dag eteginiň ajaýyp tebigatyna syn etmäge mümkinçilik alýarlar.Dag etegindäki myhmanhananyň aşaky bölegi käwagt bulutlar bilen örtülýär.

Bulutdan belentdäki howuzda ýüzmegiň ajaýyp duýgyny döredýär.

Iň uly açyk howuz: Çiliniň Algarrobo şäherindäki San Alfonso Del Mar-yň gurluşygyna 5 ýyl gerek bolupdyr. Ägirt uly taslamany durmuşa geçirmek üçin 2 milliard dollar sarp edilipdir.Uzynlygy 1,3 kilometre, çuňlugy 3 metre ýetýän howzuň meýdany 8 gektar.

Kenarda gurlan howuz deňiz suwy bilen doldurylýar. Ýuwaş ummanynyň kenaryndaky suw toplumy 2008-nji ýylda dünýädäki iň uly açyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Akulaly howuz: Las Wegasdaky Nugget myhmanhanasynda Tank (howdan) atly howuzda dürli deňiz jandarlaryny görmek bolýar.Dünýäniň iň täsin howuzlaryndan biri bolan Tank üç gatly bolup, ýüzülýän ýer bilen deňiz jandarlarynyň ýaşaýan bölegi aýna bilen bölünipdir. Şeýlelikde bu ýeriň myhmanlary özlerini äpet okeanarium bilen ýanaşyk ýerleşýän howuzda akulalaryň, osminoglaryň we beýleki jandarlaryň arasynda ýüzýän ýaly duýýarlar.

Göwrümi 750 tonna barabar bolan howuzda 300-den gowrak deňiz jandary we ajaýyp dürli ösümlikler bar.

Çäksiz howuz: soňky ýyllarda bir tarapynyň erňegi bolmadyk täsin howuzlar syýahatçylary has köp özüne çekýär. Şeýle howuzlaryň iň owadany Gresiýanyň syýahatçylyk şäheri Santorinide gurlupdyr.Beýik depäniň gerişlerinde gurlan Perivolas myhmanhanasynyň ýanyndaky howuzda Egeý deňziniň ajaýyp gözelligine tomaşa edip bolýar.

Bu ýerde suwa düşülende howzuň nirede gutarýandygyny we ummanyň nireden başlanýandygyny saýgarmak juda kyn.Myhmanhana we howuz daş-töwereginiň tebigatyna görä sazlaşykly reňkler bilen bezelipdir.

Gellert hammamlary: Dunaý derýasyny ikä bölýän Budapeşt şäheri taryhy hammamlary bilen bellidir. Şäherde ýerasty gyzgyn suw gorlary ýylylyk çeşmesi hökmünde irki döwürlerden bäri peýdalanylýar. Şäherdäki birnäçe myhmanhanada we hammamda tebigy gyzgyn suwdan peýdalanylýar. Olaryň arasynda Gellert hammamlary has meşhurdyr. Bir asyr töweregi taryhy bolan toplumda dürli ululykdaky 10 howuz bar.

Howadaky howuz: Tehasdaky kaşaň Joule myhmanhanasy dünýäniň iň täsin desgalaryny biridir. Binanyň 10-njy gatyndaky howzuň bir bölegi binanyň gapdalynda gurlupdyr. Inženerler howzuň daşarky böleginiň berk aýnadan gurlandygy sebäpli örän berkdigini we arkaýyn ýüzüp bolýandygyny aýdýarlar. Bu üýtgeşik dizaýn netijesinde myhmanlar özlerini binanyň daşynda, howada ýüzýän ýaly duýýarlar.

Emeli adaly tropik tokaý: Germaniýanyň Krausnik şäherinde ulanyşdan galan dirižabl hangary täsin tebigy künjege öwrülipdir. Dünýädäki iň uly ýapyk akwapark bolan desganyň içinde tokaý, plýaž, palma agaçlary we birnäçe howuz bar. Uzynlygy 140 metr, umumy meýdany 4 müň 400 m2 bolan howzuň ortasynda merjen adalary bar.

Habib Halmamedow,

Halkara ynsanperwer ylymlary we

ösüş uniwersitetiniň mugallymy.

The post Dünýäniň täsin howuzlary appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Türkmenistan bilen wiza düzgünini ýeňilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýyn, Minnihanow Arkadag şäherinde metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy, Türkmenistanda iň meşhur sürüjilik derejesi mälim edildi we beýleki habarlar
Ysraýyl, Siriýanyň Günortasynda Tank Pozisiýalaryny Döretdi
ABŞ Ukraina Abrams Tanklaryny Berer
“Häkimiýeti saklamak üçin”. Merkezi Aziýa ýurtlarynda saýlananlaryň hatyrasyna Konstitusiýany täzeden ýazmak
Fransiýa, Ukraina Ýeňil Söweş Tankyny Berer
Maradona. Messi. Mundial