Dünýäniň reňkli myhmanhanalary

Myhmanhanalar irki döwürlerden gözbaş alýan, özünde birnäçe amatly şertleri bolan otag ýa-da öý bolup, syýahatçylaryň döwrebap dynç almagyny üpjün edýär.Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň maglumatlaryna görä, 705-nji ýylda Ýaponiýada döredilen Nisiýama Onsen Keýunkan ilkinji resmi myhmanhana hasaplanýar.

Soňky ýyllarda dünýäniň dürli künjeginde binagärlik gurluşy, owadanlygy, hödürleýän hyzmatlary we şertleri bilen biri-birinden tapawutlanýan myhmanhanalaryň müňlerçesi guruldy.Gazetimiziň şu sanynda bezeg aýratynlygy, esasan hem, reňkli gurluşy bilen tapawutlanýan dünýädäki iň meşhur 5 myhmanhana bilen tanyşdyrýarys.

Bela Vista, Portugaliýa. Portiman kenarýaka şäherinde ýerleşýän bu 5 ýyldyzly myhmanhana özüniň reňklerini Portugaliýanyň tebigy gözelliklerinden alýar.Algarwi sebitinde gurlan goňrumtyl-altynsow reňkli myhmanhananyň içki bezeginde, esasan, gök reňk ulanylypdyr.

Gök reňkdäki bezegler myhmanhanany Atlantik ummanynyň ajaýyp görnüşi bilen birleşdirýär.Praia da Rocha kenarýaka dynç alyş merkeziniň ýanynda ýerleşýän bu myhmanhanada reňkli dynç alyş otaglary bilen bir hatarda, dynç alyş howzy, açyk aşhana, palmaly meýdança bar.

Portugaliýanyň günortasyndaky kenarýakada ýerleşýän bu bina XIX asyrda gurlan maşgala öýi bolup, 1934-nji ýylda myhmanhana öwrülýär.

Rosas & Xocolate

Boutique, Meksika. Myhmanhananyň flamingo reňkli binasy romantik gözelligi emele getirýär. Merida şäherindäki kakao bagçylyk meýdanynda ýerleşýän gülgüne myhmanhanada 17 sany otag, dynç alyş howzy we açyk howuz bar. Myhmanhananyň howlusyna ýagtylygyň düşmegi bilen gülgüne diwarlar suwda şöhlelenip, ajaýyp görnüşi emele getirýär.

JW Marriott, Wýetnam. Älemgoşar şypahanasy diýlip atlandyrylýan bu myhmanhananyň her binasy başga bir reňkden ylham alýar. Tailand aýlagynyň Phu Quoc sebitinde ýerleşýän JW Marriott myhmanhanasy syýahatçylyk pudagynda Wýetnamyň merjeni ady bilen tanalýar. Tropik tokaýyň içinde, gök ummanyň kenarynda oturan bu myhmanhana owadan reňkli kiçijik şähere meňzeýär.

Colony, ABŞ. Floridanyň palma tokaýlaryny we güneşli tebigatyny synlamaga mümkinçilik berýän Colony myhmanhanasy Palm Biç kenarýaka şäherçesiniň meşhur nyşanlarynyň biridir.Sebitde reňkli şaý-sepler ady bilen tanalýan bu myhmanhana iňlis binagärlik nusgalaryndan ylham alnyp gurlupdyr.

Myhmanhananyň daşky görnüşi açyk gülgüne reňkde bolup, içki otaglar dürli reňkdäki gülli öý goşlary bilen bezelipdir.Açyk eýwanlary, birnäçe dynç alyş howzy bolan Colony myhmanhanasy geçmiş bilen geljegi birleşdirýän ajaýyp reňk sazlaşygyny emele getirýär.

Myhmanhana degişli restoran syýahatçylara iň gowy gastronomiýa nusgalaryny hödürleýär.

Gritti köşgi, Italiýa. Wenesiýanyň Uly kanalynyň kenarynda ýerleşýän, XVI asyrda gurlan köşk myhmanhanasy özboluşly reňk sazlaşygy bilen töweregine owadanlyk berýär.Daşy şokolad reňk bilen bezelen myhmanhananyň içki bezeginde goýy gyzyl, gök we narynç reňkler ulanylypdyr.

Myhmanhanada taryhy pursatlary suratlandyrýan kartinaly burçlar bolup, dälizler kürsüler bilen bezelipdir.Myhmanlar otaglaryň aralaryndaky kürsülerde oturyp, kitap okap ýa-da çaýdyr kofe içip, dynç alyp bilýärler.Myhmanhananyň howlusynda açyk restoran hem bar.

Bulardan başga-da, myhmanlar owadan reňkli eýwanlara çykyp, kanaldan geçýän gämileri synlap bilýärler.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň reňkli myhmanhanalary
Türkmenistanyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk dostdoganlyk binýady atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
6-8-nji dekabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Sheraton Grand Doha myhmanhanasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy şekillendirildi