Dünýäniň meşhur tanslary

er milletiň özüne mahsus baý medeni mirasy bar. Medeniýet şol halkyň taryhyny, däp-dessurlaryny we yrym-ynançlaryny emele getirýär. Her milletiň medeniýetini görkezýän zatlaryň biri hem tansdyr. Her millet öz taryhynda hemişe diýen ýaly tans sungatyny kämilleşdiripdir, döwrebaplaşdyrypdyr. Tans hem şol milletiň däp-dessurlary bilen berk baglanyşykly bolýar. Dünýäniň has meşhur tanslarynyň käbirini siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Küştdepdi: bu tans ýurdumyzda giňden tutulýan her bir toýdur baýramçylyklarda ýerine ýetirilýär.Soňky ýyllarda bu tansy beýleki doganlyk halklar hem has gowy bilýärler.Halk döredijiliginiň milli öwüşgini bolan küştdepdi tansy 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň (Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy) maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi onuň meşhurlygyny dünýä derejesine çykardy. Şol ýyl Günorta Koreýanyň Çedžu şäherinde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyny goramak boýunça hökümetara 12-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen türkmen halkynyň gadymy küştdepdi tansy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.Küştdepdi joşgunyň, owadanlygyň, çalt we çeýe hereketiň tansy. Şonuň üçin hem ol köplenç ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Tans hoş labyzly ýerine ýetirilýän gazal bilen başlanýar.Töwerekdäkiler bolsa, sazlaşykly çapak çalmak bilen, bu hyjuwly herekete goşulýarlar.

Wals: zenan we erkek jübütleriň ýerine ýetirýän bu tansy belli bir nokatda ýa-da ýaý şekilli aýlawda aýlanmak görnüşinde ýerine ýetirilýär. Örän täsirli çykyşlaryň biri hasaplanýan wals saz sungatynyň hem kämilleşmegine öz täsirini ýetiripdir. Bu tansyň watany Awstriýa hasaplanýar.

Salsa: aslynda, dürli ysly otlardan taýýarlanan huruşa salsa diýilýär. Jübütleriň arasynda ýerine ýetirilýän bu tansda hem Amerika, Ýewropa we Karib deňziniň medeniýeti birleşipdir. Erkin görnüşde ýerine ýetirilýän tansyň esasy aýratynlygynyň biri hem hereketleriň ozal bellenen tertipde däl-de, ýüzugra ýerine ýetirilmegidir. Şol sebäpli bu tansda şol bir hereket köp gaýtalanmaýar.

Tango: argentina mahsus bolan tans 1860-njy ýyllarda Buenos-Aýresde peýda bolýar. Bu tansy Günorta Amerika ýurtlaryna göçüp baran ýewropalylar döredýär. Tansda adamyň isleg-arzuwlary, umytlary hereketler arkaly beýan edilýär.

Gumbut: bu tans Günorta Afrika Respublikasyna mahsus bolup, ilki gymmatly magdanlary çykarýan işçileriň arasynda döräpdir. Häzirki wagtda meşhurlygy artan bu tans dürli dabaralarda mekdep okuwçylary tarapyndan köpçülikleýin ýerine ýetirilýär. Çalasyn hereketi talap edýän tans ýörite ädik geýmek arkaly ýerine ýetirilýär. Tansda ädikleriň we elleriň sesi herekete goşulyp, onuň joşgunyny artdyrýar.

Hula: Gawainiň ýerli ýaşaýjylarynyň ýerine ýetirýän tansynda deňiz tolkunlarynyň alamatlaryny görmek bolýar. Gawai medeniýetiniň bir bölegi hasaplanýan bu tans adalar toplumyna barýan daşary ýurtly myhmanlaryň öňünde hem ýerine ýetirilýär.

Jemal Haýydowa, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Gökje medeniýet öýüniň tans goýujysy.

The post Dünýäniň meşhur tanslary appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Argentinada tango boýunça dünýä çempionaty başlandy
Ýuwaş ummanyndaky ilkinji telegraf liniýasy
Duzuň reňki nähili?
Ummanlar arassalanar
Iň beýik dag Ewerestmi?