Dünýäniň meşhur otluly syýahatlary

Bütin dünýäde meşhurlyk gazanan otluly gezelenç syýahatçylyk ulgamynyň gyzykly ugurlarynyň biridir.Demir ýol ulagynda ýurtlaryň, şäherleriň arasynda gezelenç etmek jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýär.Otly bir wagtda ýüzlerçe ýolagçyny daşap bilýän, ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesi hasaplanýar.

Soňky ýyllarda işlenip düzülen ýokary tizlikli, magnit sürtülmeli otlular ýolagçylara ýokary hilli hyzmatlary, uçardaky ýaly rahatlygy hödürleýär. Ýatda galyjy başdangeçirmeleriň biri bolan otluly syýahat tebigaty synlamak bilen bir hatarda, halklaryň medeniýetini, dünýägaraýşyny öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Gazetimiziň şu sanynda sizi iň gowy otluly syýahatlar bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

5 paýtagta gezelenç. Ýewropanyň iň gadymy şäherlerine otluly aýlanmak iň gowy gezelençleriň biri bolsa gerek.Merkezi Ýewropanyň nusgawy otly ýoly diýlip atlandyrylýan bu ugur Germaniýanyň paýtagty Berlinden başlanýar.

Otluly syýahat ýolugra Çehiýanyň ertekini ýada salýan Praga şäheriniň üstünden geçip, Awstriýanyň Wena şäheriniň gözelligini synlamaga mümkinçilik berýär.Indiki duralga daşdan gurlan gadymy ýadygärlikleri bilen tanalýan Slowakiýanyň Bratislawa şäheri bolup, bu ýerde üzüm meýdanlaryny görmek bolýar.

Otluly gezelenç Budapeşt şäherinde tamamlanýar.Bu şäher gijesine has-da owadan görünýär.BerlinBudapeşt arasyndaky otluly syýahat 10 gün dowam edip, 5 paýtagt şäheri synlamaga we gezelenç etmäge mümkinçilik berýär.

Ýaponiýa iň çalt syýahat. Dünýäniň iň meşhur otlusy bolan Şinkansen ýokary tizligi bilen tapawutlanýar.Eger-de ýokary tizlikde gezelenç etmegi halaýan bolsaňyz, şu ugry saýlaň! Ösen demir ýol ulgamy bilen tanalýan Ýaponiýada 1964-nji ýylda ilkinji ýokary tizlikli otlular işe girizilýär. Şinkansen demir ýol ugrunyň işe girizilmegi uly ösüşleriň biri bolýar.

Bu otlular ýokary tehnologiýaly, kaşaň wagonlary bilen görenleri haýran edýär. Ýokary tizlikli otluly syýahatyň dowamynda Osakanyň, Tokionyň gijeki owadan görnüşini, Kiotonyň özboluşly tebigatyny, Hirosimanyň harabalyklaryny, Fuji daglarynyň tebigy gözelliklerini, Aşi kölüni hem-de Araşiýama bambuk tokaýlygyny ýakyndan synlap bolýar.

Rimden Italiýanyň demirgazyk şäherine. Italo ýokary tizlikli demir ýol ulgamy myhmanlara bary-ýogy 9 günde gaýtalanmajak syýahaty hödürleýär.Syýahat Rim şäherinden başlanýar. Şäherdäki Kolizeý we Trewi suw çüwdürimlere, taryhy binalara gezelençden soňra, syýahat otlusy Florensiýa tarap ýola düşýär.

Ondan soňra otly Liliýa şäherine, Siena we San-Jiminýano şäherlerine barýar.Bu şäherlerde oba hojalyk işleri bilen ýakyndan tanşyp bolýar.Soňra otluly syýahat Toskanadan Emiliýa-Romanýa tarap ugur alýar.

Taryhy şäher Bolonýa görenleri haýrana goýýan Orta asyrlaryň binagärlik gurluşygy bilen myhmanlary garşy alýar.Syýahat moda şäheri Milanda tamamlanýar. Şäheriň içinde ýerli otlular bilen Komo kölüne, şeýle hem demirgazyk şäheriň merjen binalaryna gezelenç edip bolýar.

Madridden Marrakeşe çenli. Bu yklymara otluly syýahat Ortaýer deňziniň üsti bilen Ýewropadan Afrika geçýär.Ispaniýanyň paýtagtynyň medeniýetini, taryhy ýadygärliklerini öwreneniňizden soňra, Madridden ýola çykmak arkaly syýahat başlanýar.

Granada barlanda Ispaniýanyň günortasyndaky medeni miras bilen tanşyp bolýar.Indiki duralga Sewilýa şäheri bolup, bu ýerde ussatlaryň ýerine ýetirýän flamenko tansyny synlap bilersiňiz.Soňra syýahatyň ugry Gibraltar bogazyndan geçip, gysga ýol bilen Afrikanyň derwezesi Tanžer şäherine barýar.

Indiki duralgalar Fes şäheri bilen Kasablanka bolup, syýahat köçe naharlary, garyşyk bazarlary we gizlin geçelgeleri bilen tanalýan Marrakeş şäherinde tamamlanýar.

Garyşyk başdangeçirmeler. Iki hepdelik otluly syýahat Bangkok şäherinden başlanýar.Bu ýerden soňra, otly Phitsanulok şäherine gelýär.Sukotai milli seýilgähiniň arheologik ýadygärlikleri bilen tanyşlykdan soňra, syýahat otlusy Çiangmaýa tarap ýola düşýär.

Pillere münüp, bambuk gaýalaryna gezelençleri hödürleýän bu şäherde köçe naharlaryny dadyp, taý aşhanasynyň däpleri bilen tanşyp bolýar.Syýahat Mekong derýasynda gaýykly gezelenç bilen dowam edip, Laosa ýetýär.Laosda ýerli obalaryň medeniýeti bilen tanyşlykdan soňra, otly Wang Wieng şäherine tarap ýola düşýär. Şäheriň Nam Song derýasyndaky kanoe başdangeçirmelerinden soňra, gijeki otluda ýene-de Bangkoga gaýdyp gelinýär.

Tailand-Laos gezelenji çylşyrymly bolup, syýahatyň esasy bölegi otluly, käbir aralykda gämili gezelençler guralýar.

Ýene degişli makalalar

Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada 4 adam ýogaldy
Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany
Mançester Sitiniň ýarym goragçysy Rodri 2024-nji ýylyň Altyn topuna mynasyp boldy
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlady
Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy