Türkmenistanyň pagta ýygym önümçiliginde mejbury zähmetiň ulanylmagy barada maglumat toplamak bilen meşgullanan aktiwist Gaspar Matalaýewi boşatmak boýunça alnyp barylýan halkara tagallalaryna dünýäniň iri guramalarynyň ýene biri "Profsoýuzlaryň halkara konfederasiýasy" (ITUC) goşuldy.
Gaspar Matalaýewyň 2016-njy ýylda Türkmenistanda tussag edilmegi, onuň şol ýylyň pagta ýygym kampaniýasynyň dowamynda çaga zähmetiniň giňden ulanylmagy barada taýýarlan reportažynyň çap edilmeginiň iki gün yzýanyna gabat gelipdi.
Türkmenistanyň "Alternatiw täzelikleri neşri" Matalaýewi boşatmak barada edilýän halkara çagyryşyna şu günki gün 90 müňden gowrak goluň goýlandygyny habar berýär.
"Gasparyň boşadylmagy ugrundaky göreş - çagalaryň we ulularyň müňlerçesiniň gatnaşmagyndaky mejbury zähmete garşy, şeýle-de Türkmenistanyň zalym hökümeti tarapyndan bileleşmek we söz azatlygyny rehimsiz basyp ýatyrmagyna garşy göreşdir" diýip, ANT "Profsoýuzlaryň halkara konfederasiýasynyň beýanatyny sitirleýär.
2017-nji ýylyň aprel aýynda häzirki zaman gulçulygyň görnüşlerine garşy iş alyp barýan "Freedom United" guramasy türkmen hökümetinden aktiwist Gaspar Matalaýewi boşatmak boýunça halkara kampaniýasynyň çäginde petisiýa çap etdi.
Bu çagyryşda ony galp aýyplamalary boýnuna alyp, gaplyga baş goşandygy barada öz-özüni günälemäge mejbur etmek üçin elektrik togy bilen gynamalara sezewar edilendigi aýdylýar. Şeýle-de, maglumatda onuň boşadylmagyny sorap ençeme gezek ýazan arzalarynyň ret edilendigi bellenýär.
Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Gaspar Matalaýewiň tussaglygyny syýasy matlaply hasap edýärler we onuň üstüni açan maglumatlarynyň türkmen hökümetiniň ýyllarboýy pagta ýygyma onlarça müň raýaty mejbury çekmek we olara jezalandyrmak haýbaty bilen pagta ýygdyrmak hereketlerine ünsi çekmäge ýardam berendigini aýdýarlar.
BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti Gaspar Matalaýewiň tussaglygyny eden-etdilikli atlandyrdy we Türkmenistandan "Gaspar Matalaýew ýaly pagta ýygymda mejbury zähmetiň ulanylyşyny hasaba almak boýunça iş alyp barýanlara" zorluk görkezmegi, gynamalary we tutha-tutluklary bes etmegi talap etdi.
Aktiwistiň tussag edilmeginiň Adam hukuklary boýunça ähliumumy deklarasiýanyň alty maddasynyň we Raýat hem syýasy azatlyklary baradaky halkara ylalaşygynyň dört maddasynyň bozulandygy aýdyldy.
Şeýle-de, BMG Türkmenistandan onuň tussag edilişini doly we garaşsyz derňemegi talap etdi.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “Adam gaçakçylygy” boýunça şu ýylky hasabatynda hem Türkmenistanda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Gaspar Matalaýewiň ykbalyna üns berildi.
1-nji oktýabrda adam hukuklaryny goraýjy toparlar prezident Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka eden saparyna gabatlap, Türkmenistanyň pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň bes edilmegini we bu aýylganç tejribe barada habar berýän aktiwistleriň yzarlanmagyny bes etmek talaby bilen BMG-niň baş edarasynyň öňünde protest geçirdiler.
Halkara jemgyýetçiligi Türkmenistanyň hökümetinden Gaspar Matalaýewi dessine boşatmagy we onuň howpsuz ýagdaýda öz işini dowam etdirmegine rugsat bermegi talap edýär.
Türkmenistan pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanýandygy üçin ýyllarboýy tankyt edilýär. Şu ýyl ABŞ Türkmenistanda öndürilen pagta we bu ýurduň pagtasyndan öndürlen önümleriň ähli görnüşiniň importyna gadagançylyk girizdi. Mundan öň dünýäniň iri söwda brendleriniň ençemesi, şol sanda H&M, IKEA mejbury zähmetiň ulanylýandygy sebäpli, türkmen pagtasyndan ýüz öwürdiler.