Hytaýyň ýaşaýjysy Ýu Szýansýa öz kirpiklerini rekord derejä çenli ösdürmegi başardy. Onuň çep gözüniň ýokarsynda ösýän iň uzyn kirpigi 20,5 santimetre ýetýär. Bu barada news.mail.ru ýazýar.
Ýunyň beýleki kirpikleri ondan sähel gysgarak.Muňa garamazdan, olar gözüň goraýjy çarçuwasyny däl-de, uzyn saçlary ýatladýar. Ýu Szýansýa baryp 2016-njy ýylda meşhur boldy. Şonda onuň kirpikleriniň uzynlygy 12,4 santimetre ýetýärdi — diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Indi ol özüniň şahsy rekordyny täzeledi.Hytaýly zenanyň kirpikleri 2015-nji ýylda duýdansyz ösüp başlady.Lukmanlar bu kadadan çykmanyň sebäbini düşündirip bilmediler. Ýunyň ýakynlarynyň hiç birinde beýle uzyn kirpikler ýok, şonuň üçin-de ol bu aýratynlygyny Buddanyň sowgady hasaplap, olardan gaçyp-gutulmak hakynda pikir hem etmeýär.
Onuň sözlerine görä, adatdan daşary uzyn kirpikler onuň gündelik durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirmän, gaýtam, kömek edýär.Meselem, oňa gözlerini uly görkezmek üçin dürli görnüşli kosmetiki serişdeleri ulanmak zerurlygy ýok.
Päsgel bermezligi üçin bolsa, Ýu öz kirpiklerini gulaklarynyň arkasyna geçirip goýýar.