Wýetnamda dünýäniň iň uzyn asma aýna köprüsi açyldy. “Bach Long” – “Ak aždarha” atly bu köpri Wýetnamda üçünji aýna köprüdir. Ol Son-La welaýatynyň demirgazyk-günbatarynda, iki dagyň arasynda ýerden 150 metr beýiklikde ýerleşýär.
“Bach Long” köprüsiniň uzynlygy 632 metr. Täze desga, Hytaýyň Guandun welaýatynda gurlan dünýädäki iň uzyn hasaplanýan 526 metrlik köprüden hem uzyn. Şonuň üçin bu köpriniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegine garaşylýar.
Köpriniň howpsuzlygy barada alada etmegiň zerurlygy ýok – köpriniň mäkäm aýna poly Fransiýada öndürilen.Desga bir wagtyň özünde 450 adamy göterip bilýär. Şeýlelik bilen köpriniň üstünde gezelenç edýän syýahatçylar aýaklarynyň aşagyndaky tebigy manzary synlap bilýärler. “Bach Long” Wýetnamyň iň gözel sebitlerinden biri hasaplanýan Mok-Çauyň ajaýyp görnüşine tarap açylýar.
Köprüden parç urýan jeňňeli, belent gaýalary we dereleri synlap bolýar. Ýurduň ýolbaşçylary bu gözel ýeriň sebite has köp syýahatçyny çekjekdigine umyt edýärler.