Ýerden gazylyp alynýan magdan känlerini daşamakda, ýükleri degişli ýere ugratmakda we ýolsuz ýerlerde gatnawy amala aşyrmakda ýük ulaglarynyň ähmiýeti örän uludyr.Käbir sebitde magdan känleri aşa köp gazylyp alynýar.
Dag-magdan işini wagtynda ýerine ýetirmek üçin bolsa, aşa kuwwatly ulaga zerurlyk duýulýar.Dag-magdan ulgamynda peýdalanmak üçin işlenip düzülen Belaz 75710 dünýäniň iň uly ýük ulagy hasaplanýar. Äpet ulagy göreniňde, birbada onuň hakykydygyna ynanmak hem kyn.
Köpiňiz bu ulagy kinofilmlerde ýa-da awtoulagly multfilmlerde hem gören bolsaňyz gerek.Belki käbiriňizde bu ulagyň oýnawaç görnüşi hem bardyr. 2013-nji ýylda magdan känlerini aşa köp daşamak maksady bilen Belarusuň BELAZ-HOLDING kompaniýasy Belaz 75710 ýük ulagyny işläp düzýär. Ýük ulagynyň agramy 360 tonna barabar bolup, uzynlygy 20,6 metre ýetýär.
Beýikligi 8,16 metre, ini 9,87 metre barabar bolan äpet ýük ulagynyň 8 sany uly tekeri bar.Belaz 75710 496 tonna ýüki göterip bilýär.Bu äpet ulaga iki sany 16 silindrli turbo görnüşli dizel hereketlendirijisi oturdylypdyr. Ýük ulagy 100 kilometr ýol geçmek üçin 1 müň 300 litr ýangyç sarp edýär. Äpet ulagyň sagatdaky tizligi 64 kilometre deň. /* custom css */ .td_uid_15_67388b9ac6bba_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67388b9ac6bba_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }