Italiýanyň Lazzarini binagärlik kompaniýasy dünýäniň iň uly ýahtasynyň nusgalyk dizaýnyny tanyşdyrdy. Äpet suw ulagyna 335 million ýyl ozalky materik bolan Pangeanyň ady dakylypdyr.Pyşbaga şekilli boljak gäminiň içinde söwda merkezleri, restoranlar, myhmanhanalar, seýilgähler, ýaşaýyş jaýlary bolup, kiçiräk şähere meňzeş bolar. Äpet gämini gurmak üçin 8 milliard dollar sarp ediler. Ýahtalar ululygyna görä, super, mega we giga ýaly prefiksler bilen atlandyrylýar.
Täze suw ulagynyň has uly teraýahta boljakdygy bellenilýär.Italýan kompaniýasynyň wekilleri ýahtanyň häzire çenli suwda ýüzýän iň uly desga boljakdygyny aýdyp, onuň uzynlygynyň 550 metre, ininiň 610 metre barabar boljakdygyny habar berdiler.
Aknur ÖDEKOWA,
Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Lebap welaýat müdirliginiň Çärjew etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.