Dünýäniň iň uly teleskopynyň gurluşygyna başlandy

Belli fizik Albert Eýnşteýniň öňe süren teoriýalarynyň synaglaryny amala aşyrjak dünýäniň iň uly teleskopynyň gurluşygyna başlandy.Taslamany durmuşa geçirmäge sekiz ýurtdan ylmy merkezler gatnaşýar.Taslama degişli desgalaryň gurluşygyna başlanmagy mynasybetli Günbatara Awstraliýanyň Murçison Şaýr sebitinde hem-de Günorta Afrika Respublikasynyň Demirgazyk burnundaky Karu sebitinde dabara geçiriler.

Soňra bolsa bu ýerde teleskoplaryň gurluşygyna başlanar.Teleskop 200 töweregi paraboliki antenna bilen Täze ýyl arçasyny meňzeş 131 müň iki polýusly jübüt antennadan ybarat bolar.Köp sanly antennanyň gurulmagynyň maksady ýüz müňlerçe inedördül metrlik meýdanda maglumat ýygnaýan iri teleskopy emele getirmekden ybarat.

Teleskopyň kosmosdan örän ýokary durulykda maglumat toplamagyna garaşylýar.Bütewi ulgamy 50 megagers bilen 25 gigagers tolkun aralygynda işlär.

Maksatgeldi Baýramow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugalymy.

Ýene degişli makalalar

Paýhaslar düwünçegi
Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesi, çagalar bilen bagly däp-dessurlar we toýlar
Pele Soňky Ýoluna Ugradylýar
Futboluň şasy aradan çykdy
Turkish Airlines Aşgabada uçuşlary dikelder, Bäherden etrabynda suw arassalaýjy toplum işe girizildi, türkmen keşdesi ÝUNESKO-nyň Sanawyna girizildi we beýleki habarlar
Ýyldyzlar parlaýar…