Dünýäniň iň uly syýahatçylyk gämisi

Syýahatçylyk dünýäde yzygiderli ösdürilýän pudaklaryň biri bolup, adamlaryň köpüsi, esasan hem, tomus möwsüminde gezelenje çykýarlar.Gezelenje, dynç almak isleýän ýerlerimize, esasan, ulagly ýa-da uçarly gidilýär. Ýöne dünýäniň birnäçe ýerinde atly, otluly, tirkeg lyžaly, şol sanda gämili gezelençleri hödürleýän syýahatçylyk ugurlary hem bar.

Soňky ýyllarda deňizde amala aşyrylýan gezelençler hem syýahatçylarda uly täsir galdyrýar.Göz öňüne getiriň, futbol meýdançasynyň üç essesine barabar gämi.Siz bu gämide birnäçe aýlap, dürli şäherde amala aşyryljak syýahata çykdyňyz. Ähli şerti bolan bu gämi edil ýüzýän şähere meňzäp, ummanyň, deňizleriň tolkunlary bilen bat alyp, oý-hyýallary uzak menzillere äkidýär…

Dünýäde kruiz gämileriniň birnäçesi bolup, şolaryň iň ulusy Royal Caribbean Wonder of the Seas (Korol Karib deňziniň täsinligi) hasaplanýar.Uzynlygy 362 metre, giňligi 65,5 metre, agramy 235 müň 600 tonna barabar bolan bu gämi dünýäniň iň uly syýahatçylyk gämisidir.

Geçen ýyl işe girizilen bu gämide 2 müň 867 otag bolup, 7 müň 600 adamy syýahata äkidip bilýär. 18 gatly gämide 20 müňden gowrak ösümlik ösýär.Sekiz sany uly bölekden ybarat bolan gämide Merkezi seýilgäh, myhmanhana otaglary, AquaTheater açyk tomaşa zaly, 30 metrlik suwa çümmek platformasy, çagalar üçin açyk güýmenje meýdançasy, dyrmaşylýan diwarlar bar.

Bulardan başga-da, isleg bildirýänler üçin suwasty gezelençler, buzda typmak, golf oýnamak, elektronsport oýunlary, FlowRider suwda typmak ýaly güýmenjeler hödürlenýär.

Syýahatçylyk gämisinde 9 sany tölegsiz restoran bolup, 12 sany ýörite naharlanylýan meýdança bar. Gämide fransuz, italýan, Aziýa aşhanasyna degişli naharlar taýýarlanyp, buýurma esasynda hytaý tagamlaryny hem iýip bolýar. Deňiz jandarlaryndan taýýarlanan tagamlar, kokteýl, starbucks kofesi syýahatçylaryň halaýan lezzetleridir. Mundan başga-da, Mason Jar Günorta restorany özüniň meşhur tagamlary bilen syýahatçylara hyzmat edýär.

Korol Karib deňziniň täsinligi atly syýahatçylyk gämisi Karib deňzinde Gündogar we Günbatar ugurlar boýunça ýüzýär. Dünýäniň iň gowy maşgala dynç alşyny hödürleýän Karib deňziniň gämili syýahaty Kozumel, Meksika we Roatan, Gonduras duralgalary boýunça howa şertlerine laýyklykda bir hepde dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň uly syýahatçylyk gämisi
“Disney” Ýaponiýada syýahatçylar üçin kaşaň kruiz gämisini gurar
Olimpiýa oýunlary syýahatçylaryň sanyny artdyrdy
Gaz önümçiligi 4 trillion kub metrden geçer
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň ispan dilindäki resmi web-saýty işe girizildi
Dünýäde ortaça aýlyk hakynyň satyn alyjylyk ukyby 0,9 göterim pese gaçdy