Dünýäniň iň uly suw çüwdürimi

Suw çüwdürimleri ilkibaşda bezegçilik maksady bilen gurulman, ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek hem-de suw geçirijilerini birikdirmek üçin gurlupdyr. Şäher ýaşaýjylarynyň suw bilen bagly zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin oýlanyp tapylan bu ulgama bolan zerurlyklar XIX asyrdan soň azalyp, şäherleriň bezegi hökmünde ulanylyp başlanypdyr.

Soňky ýyllarda suw çüwdürimleriniň göwrümi, owadanlygy we özboluşly hereketleri bilen tapawutlanýan görnüşleri peýda boldy.Dünýäniň iň uly suw çüwdürimi Dubaý şäherinde ýerleşýär.Meşhur syýahatçylyk şäherindäki Dubaý suw çüwdürimi 12 gektar meýdany eýeleýär.

Bu suw desgasy Burj Halifa gökdiräniniň öňündäki kölde, Dubaý söwda merkeziniň golaýynda ýerleşýär.Suw çüwdürimi WET Design amerikan kompaniýasy tarapyndan gurlup, 2009-njy ýylda resmi taýdan açylýar.Suw desgasyny 6600 çyra, 50 reňkli proýektorlar yşyklandyrýar. 275 metr uzynlykda aýdymdyr saz bilen bilelikde hereket edýän suw çüwdürimi 152 metr beýiklige suw pürkýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — BAE: doganlyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary
29.09.2019 | Türkmenistan — BAE: doganlyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary
Türkmenistan ata mekan Garaşsyz
Gurluşygy gaýtadan dikeldildi
Saud Arabystanynda iki kilometrlik gökdirän gurlar
Ýylyň meşhur şäherleri