Dünýäniň iň uly muzeýleri Pikassonyň aradan çykmagynyň 50 ýyllygyna bagyşlap sergileri gurnar

Dünýäniň iň uly muzeýleri Pikassonyň aradan çykmagynyň 50 ýyllygyna bagyşlap sergileri gurnar

Madridiň Prado muzeýi, Pariždäki Pompidu merkezi, Nýu-Ýorkdaky Metropoliten muzeýi we başga-da dünýäniň ençeme belli muzeýleri 1973-nji ýylyň 8-nji aprelinde aradan çykan ispaniýaly suratkeş Pablo Pikassonyň aradan çykmagynyň 50 ýyllygyna taýýarlanýar. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Madridde we Parižde "Pikassonyň ýylyny" guraýjylaryň aýtmagyna görä, dünýäde 42 sergi geçiriler we bu "häzirkizaman sungatynyň iň meşhur suratkeşiniň hatyrasyna görlüp-eşidilmedik hormat bolar". "Pikassonyň ýyly" çärelerine Ýewropanyň we Birleşen Ştatlaryň 38 öňdebaryjy instituty gatnaşar diýip, Ispaniýanyň Medeniýet ministri Mikel Iseta Madridde şa aýaly Sofiýanyň sungat merkezinde suratkeşiň hatyrasyna guralan dabarany açmak bilen aýtdy.

Dürli ýurtlarda guralýan sergiler 1881-nji ýylda Ispaniýanyň Malaga şäherinde doglup, 1973-nji ýylda Fransiýanyň Mužen şäherinde aradan çykan bu suratkeşiň döredijiliginiň ähli taraplaryny görkezmäge mümkinçilik berer diýip, Fransiýanyň Medeniýet ministri Rima Abdul-Malak belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, "Pikassonyň ýylynyň" çäklerinde onuň döredijiligine bagyşlanan kollokwiumlar we çekişmeler meýilleşdirilýär. "Pikassonyň ýylynyň" esasy wakalary Ispaniýada, Fransiýada, ABŞ-da geçiriler, şeýle-de bolsa Belgiýada, Germaniýada, Rumyniýada we Şweýsariýada hem dabaraly çäreler göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Pikasso bagyşlanan sergiler geçiriler
Ramos çagyrylmady, “Realdan” ýeke oýunçy hem ýok
Çempionatyň taryhyndaky iň köp golly 2-nji duşuşyk
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde
ÝUNESKO-nyň sanawyna täze ýerler girizildi
Ispaniýanyň we Hindistanyň medeni desgalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi