Tebigy taýdan owadan we gaýtalanmajak özboluşlylygy emele getirýän milli seýilgähler, esasan, ABŞ-da, Braziliýada, Ýaponiýada, Hindistanda we Awstraliýada ýerleşýär. Uly meýdany bölekleýin öz içine alýan milli seýilgählerde ösümlikdir janly-jandarlaryň ýüzlerçe görnüşi bar. Geliň, dünýäniň iň uly milli seýilgähleri bilen tanyş bolalyň!
Iguasu milli seýilgähi, Argentina. Argentina bilen Braziliýanyň serhedinde 550 inedördül metr meýdany tutýan, dünýäniň iň owadan şaglawuklaryny özünde jemleýän Iguazu milli seýilgähinde ösümlikdir janly-jandarlaryň 2 müňden gowragy duş gelýär.
Seýilgähde 275 töweregi şarlawuk bolup, iň ulusyna Iblisiň bokurdagy diýilýär.Ini 150 metr, uzynlygy 700 metr bolan bu şarlawuk iň owadan tebigy gözelligiň biridir. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Iguazu milli seýilgähine syýahatçylyk pudagynda hem uly gyzyklanma bildirilýär.
Uly Kanýon we Ýellouston, ABŞ. Arizona ştatynyň serhedinde ýerleşýän Kolorado derýasynyň kenaryndaky Uly Kanýonda älemgoşar reňkli jülgeler, dik eňňitler we gaýa gatlaklary bar. Uly Kanýonyň käbir gaýalarynyň beýikligi 1600 metre ýetýär. Bu milli seýilgähde möjek, garaguş, sugun, dag arslany, gara aýy we keýik sürüleri ýaşaýar.
Dünýäniň ilkinji milli seýilgähi bolan Ýellouston milli seýilgähi Idaho, Montana we Waýoming ştatlarynda ýerleşýär. 8 müň 987 inedördül metr meýdany tutýan bu seýilgähde 10 müňden gowrak gyzgyn suwly çeşme, 300-den gowrak geýzer we 300-e golaý şarlawuk bar. Seýilgähde, esasan, grizzly aýysy, bizon, garynjanyň dürli görnüşi, koýot hem-de garagulak ýaşaýar.
Galapagos milli seýilgähi, Ekwador. Dünýäniň iň gyzykly we täsin ekoulgamlarynyň biri bolan Galapagos milli seýilgähiniň 97 göteriminde janly-jandar ýok. ÝUNESKO-nyň
Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu milli seýilgähde, esasan, pyşbagadyr pingwinler ýaşaýar. Bulardan başga-da, iguanalara, gannetlere we deňiz arslanlaryna duş gelmek bolýar. Galapagos dünýädäki ýabany jandarlaryň adamlardan ürkmeýän ýeke-täk milli seýilgähidir.
Serengeti, Kilimanjaro, Tanzaniýa. 14 müň 763 inedördül metr meýdany eýeleýän Serengeti milli seýilgähinde Afrikanyň Uly bäşligi diýlip atlandyrylýan arslanlar, piller, gaplaňlar, kerkler we ýabany öküzler ýaşaýar. Dünýäniň iň gadymy ekoulgamlarynyň biri bolan Serengetide howanyň, ösümlikleriň we haýwanat dünýäsiniň millionlarça ýyl bäri hiç hili üýtgemändigi aýdylýar.
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Kilimanjaro milli seýilgähi Afrikanyň iň beýik nokady bolan Kilimanjaro dagynyň (5895 metr) eteginde ýerleşýär. Milli seýilgähde gyrymsy agaçly tokaýlar, çemenlikler bolup, esasan, piller, gök maýmynlar, afrikaly lemurlar we gaplaňlar ýaşaýar.
Etosha milli seýilgähi, Namibiýa. Namibiýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän 22 müň inedördül metre barabar Etosha milli seýilgähinde 2 müňden gowrak gaýa suratlary bar. Seýilgähde žiraf, zebra, gaplaň, kerk, ýüzlerçe süýdemdiriji we süýreniji ýaşaýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda görkezilen bu seýilgähde uly sawannalar hem bar.
Çitwan milli seýilgähi, Nepal. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Çitwan milli seýilgähi Bangladeş gaplaňlarynyň ýygnanan ýeridir. 932 inedördül metr meýdany tutýan seýilgähde süýdemdirijileriň 68, guşlaryň
544 we balyklaryň 126 görnüşi ýaşaýar. Şeýle hem seýilgähde seýrek duş gelýän bir şahly kerk, Bengal gaplaňy hem-de Gang krokodili ýaşaýar.
Komodo milli seýilgähi, Indoneziýa. Dünýädäki iň uly süýrenijileriň öýi bolan Komodo milli seýilgähinde komodo aždarhasy ýaşaýar. 3 uly we 26 kiçi adany öz içine alýan seýilgäh 1 müň 733 inedördül metr meýdany tutýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda görkezilen bu seýilgähde sawannalar hem bar.
Deňiz durmuşyna baý seýilgähde akula, balyklar, deňiz towşanlary, oktopus, deňiz merjenleri ýaşaýar.
Kaziranga milli seýilgähi, Hindistan. Takmynan, 500 inedördül metr meýdanda ýerleşýän bu seýilgähde kerkleriň üçden iki bölegi ýaşaýar. 2006-njy ýylda gaplaňlaryň goraghanasy hökmünde hasaba alnan seýilgäh batgalyklardan we tropik tokaýlyklardan ybarat.
Brahmaputra derýasyny öz içine alýan seýilgähde pil, ýabany buffalo, sugun, gaz, kerk we gaplaň ýaşaýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu seýilgäh guşlaryň hem mekanydyr.
Plitvice Lakes milli seýilgähi, Horwatiýa. Onlarça şarlawugy hem-de 16 sany reňkli köli öz içine alýan Plitvice Lakes milli seýilgähi Horwatiýanyň iň uly milli seýilgähi hasaplanýar. 300 inedördül metre barabar bolan bu seýilgähde ösümlikleriň 109 görnüşi ösýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Plitvice Lakes milli seýilgähi arça tokaýlyklary bilen meşhurdyr.
Bu ýerde kebelegiň dürli görnüşi, sugun, aýy, möjek ýaşaýar.
Fudzi-Hakone-Idzu milli seýilgähi, Ýaponiýa. Fuji dagyny, Fuji kölüni, Hakone şäherini we Izu adalaryny öz içine alýan bu seýilgäh 1936-njy ýylda döredilýär. 1227 inedördül metr meýdany tutýan bu seýilgäh 100-den gowrak wulkan adalaryny özünde jemleýär.
Uly Barýer rif deňiz seýilgähi, Awstraliýa. Kwinslendiň golaýyndaky Merjen deňzinde ýerleşýän Uly Barýer rif deňiz seýilgähi
344 müň 400 inedördül metr meýdany eýeleýär. 2900 rifden, 900 adadan ybarat dünýäniň iň uly rif ulgamy bolan bu seýilgäh ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda görkezilýär. Gök kitleriň mekany bolan bu ýerde, deňiz pyşbagasy, dugonga, bir milliondan gowrak balyk, merjen, akula we meduza ýaşaýar.