Häzire çenli geçirilen barlaglarda Ýerden başga planetada ýa-da başga bir asman jisiminde ýaşaýşyň bardygy barada subutnama tapylmady. Şeýle bolansoň, Ýer üstünde ýaşaýyş bolan ýeke-täk planeta hasaplanýar.
Bu bolsa aslynda Ýeriň hem asman jisimidigini aňladýar.Planetamyzda ýaşaýşyň bolmagy üçin ýörite atmosfera gatlagy bolup, bu gatlak Ýeri kosmos giňişliginde gaýyp ýören ululy-kiçili daşlardan goraýar. Ýer ýüzünde 100 kilometr çemesi beýiklikde başlaýan atmosfera haýsydyr bir jisim gelip uranda, kislorod bilen galtaşyp, ýanyp başlaýar we pytraýar. Ýeriň ýüzüne çenli gelip ýetýänçä bolsa, ýanyp, bugaryp ýok bolýar.
Bu bolsa, ähli janly-jandarlary, ösümlikleri, umuman Ýerdäki ýaşaýşy goraýar. Şeýle-de bolsa, seýrek ýagdaýda Ýeriň atmosferasyna giren daşlar dolulygyna ýanyp gutarman, onuň bölekleri ýere gelip ýetýär.Atmosfera girenden soňra ýanyp, ýok bolýan daşa meteor, ýere gelip ýetýänlere meteorit diýilýär.
Kosmos giňişliginde gaýyp ýören has uly daşlara bolsa asteroid diýilýär.Dünýäde häzire çenli onlarça meteorit gaçyp, olaryň käbiri muzeýlerde ýa-da başga bir ýapyk binada saklanýan bolsa, käsi gaçan ýerinde dur. Ýere gaçan iň uly meteorit Namibiýanyň demirgazygyndaky Hrutfonteýn etrabynyň golaýyndaky Hoba diýen ýerdäki äpet daş hasaplanýar.
Bu asman jisimi häzirki wagta çenli abat ýagdaýda saklanyp galypdyr. Ýer ýüzündäki iň uly bitewi asman jisimi hasaplanýan Hoba meteoridini görmäge barýan syýahatçylar hem az däl.Bu daş has irki döwürlerde Ýere gaçypdyr.
Geçirilen barlaglarda asman jisiminiň 80 müň ýyl ozal Ýere gaçandygy anyklandy. 1920-nji ýyllarda bir daýhan ýerini sürýän wagty bu äpet daşyň üstünden barypdyr.Oňa ýerli dilde hopa, ýagny men tapdym diýen at goýulýar.
Nemes alymlarynyň geçiren barlagynda onuň asman jisimidigi anyklanýar. Şondan soňra ol gorag astyna alynýar.Emma agramy 60 tonna golaý bolan daşy ýerinden gozgamak başartmaýar. Şol sebäpli onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, syýahatçylaryň gelip görmekleri üçin şert döredilýär.
Asman jisiminiň ýanynda goýlan maglumat tagtajygynda onuň düzüminiň 82,4 göteriminiň demir, 16,4 göteriminiň nikel, 0,76 göteriminiň kobalt elementinden emele gelendigi ýazylypdyr. Şeýle hem daşyň düzüminde az mukdarda uglerod, kükürt, hrom, sink, galliý, germaniý we iridiý elementleriniň bardygy bellenilýär.
Diametri 3 metr töweregi bolan ýasy daşyň galyňlygy 1 metre barabar. Bilermenler daşyň Ýeriň atmosferasyna keseligine suwuň ýüzünde bökýän daşlar ýaly bolup girendigi sebäpli ýanmandygyny çaklaýarlar.
Ýeri gelende bellesek, 1998-nji ýylyň 20-nji iýunynda ýurdumyzyň Köneürgenç şäherinden 7 kilometr günorta tarapa daş gaçdy.Meteoritiň gaçan ýerinde diametri 6 metr çuňlukda, 3,5 metre barabar çukur emele geldi.
Bu Türkmenistana gaçan meteoritleriň iň ulusy bolup, şol wagtky agramy 1 tonnadan gowrakdy.Daşyň 820 kilograma barabar bolan iň uly bölegi häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde saklanýar.