Dünýäniň iň uly heýkeli

Müsür has irki döwürlerden galan taryhy ýadygärlikleri bilen tanalýar.Müsür diýlende beýik piramidalar göz öňüňe gelýär.Häzirki wagtda hem öz syrlaryny saklaýan piramidalaryň töwereginde başga-da birnäçe ýadygärlikler saklanyp galypdyr.

Bu ýerdäki Uly sfinks heýkeli dünýäniň bitewi daşdan ýasalan iň uly heýkeli hasaplanýar.Uzynlygy 73,5, ini 6, belentligi bolsa, 20 metre barabar bolan heýkel ýurduň paýtagty Kairiň Giza Piramidalary sebitinde ýerleşýär.

Günüň dogýan tarapyna bakyp duran heýkelde ýatan ýolbars şekillendirilipdir.Irki döwürlerde ýolbars mukaddes hasaplanypdyr. Şol sebäpli bu heýkel beýleki ýadygärlikleriň iň günbatarynda olary goraýjy hökmünde ýasalypdyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary Kazandaky Gündogar bazary türki halklaryň halkara festiwalynda çykyş etdiler
Gadymy gökdiränler
“Basgançakly” piramida myhmanlaryny kabul edip başlady
Peri Piramidalar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Uly Müsür muzeýinde goýuldy