Dünýäniň iň uly dabanly zenany Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Hýuston şäheriniň ýaşaýjysy Tanýa Herbert dünýäniň iň uly dabanly zenany hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada UPI agentligi habar berdi.

Zenanyň boýy 2 metr 7 santimetr, onuň sag dabanynyň uzynlygy 33 santimetr, çep dabanynyňky bolsa, 32,4 santimetr. Tanýa 50 ölçegli aýakgap geýýär. Amerikaly zenan, köplenç aýakgaby onlaýn satyn alýandygyny, sebäbi dükanlarda köplenç aýagyna gabat gelýän ölçegli aýakgap tapyp bilmeýändigini aýtdy.

-Men iň uly aýakgaby satyn alanymdan soň aýagyma laýyk getirmek üçin çekdirip giňeldýärin diýip, zenan gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Argentina bilen Ekwador, Urugwaý bilen Braziliýa çärýek finalda duşuşar
ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky buthanalaryň biriniň golaýynda bir zenan töwerege ot açdy
11-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
ABŞ-da 700-den gowrak Kaýl atlylar dünýä rekordyny goýup bilmedi
“Romanyň” eýesi “Premier Ligadan” bir klub satyn aldy
ABŞ-da elektron deri döretdiler
ABŞ-da güýçli aýaz sebäpli 83 adam heläk boldy