Dünýäniň iň uly aýsbergi

Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanýan A23a atly buz bölegi äpet girdabyň täsirine düşüp aýlanyp başlady.Aýsberg 1986-njy ýylda Antarktikanyň kenaryndan gopup, Weddel deňzinde suwuň saý ýerinde saklanyp galypdy.

Geçen ýyl bolsa, ýene-de suwuň akymy bilen hereket edip başlapdy.Birnäçe aýdan bäri bolsa, aýsbergiň girdabyň ortasynda duran ýerinde aýlanýandygy mälim edildi.Bilermenler sagat diliniň tersine aýlanýan buz böleginiň ýene-de birnäçe aýlap bu girdapdan çykyp bilmejekdigini belleýärler. Şeýle hem buzuň girdapda näçe köp saklansa, eremeginiň hem gijikjekdigi bellenilýär.

Aýsbergiň meýdany 4 müň inedördül kilometre, galyňlygy bolsa 400 metre barabar.

Adatça aýsbergler gury ýer bölegindäki buzlugyň bir böleginiň suw tolkunlarynyň täsiri bilen gopmagy netijesinde emele gelýär. Soňra bolsa, suwuň akymy bilen has yssy ýerlere akyp gidýär. Ýyly suw hem-de yssy howa aýsbergiň ýuwaş-ýuwaşdan eräp deňze garyşmagyna sebäp bolýar.

Jumagül WALIÝEWA,

Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Kiçijik hekaýatlar
Tebigat döredijiligiň ylham çeşmesi
Täze okuw ýyly başlandy
Watan başlarymyzyň täji
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary