“World Brand Lab” 2022-nji ýylda dünýäniň iň täsirli 500 brendiniň sanawyny ýaýratdy. Sanawyň öňdäki orunlaryny amerikan kompaniýalary eýeleýär. “World Brand Lab” bu sanawy 19 ýyldan bäri taýýarlaýar. Sanaw taýýarlananda, brendleriň global täsiri, öňdebaryjylygy, bazar nyrhy ýaly ölçeler göz öňünde tutulypdyr. Sanawyň birinji orunlaryny “Apple”, “Microsoft” we “Google” eýeleýär.
Bulardan başga-da “Toýota”, “Mercedes” we “Tesla” awtoulag brendleri hem ilkinji onlukda özüne orun tapdy. Bölek söwda bilen meşgullanýan “Walmart”, dürli içimlikleri öndürýän “Coca-Cola” hem sanawyň öňdäki basgançaklaryna ýerleşdi.
“Tesla” geçen ýylky sanawda 72-nji bolan eken. Geçen ýylyň birinjisi “Google” bolupdy. Ilkinji onluga diňe iki kompaniýa ýapon “Toyota” we nemes “Mercedes-Benz” ABŞ-nyň daşyndaky brendler hökmünde girdi.
Sanawa giren brendleri dünýäniň 33 ýurduna degişli bolup, olaryň 198-i amerikan kompaniýasydyr. Ýurtlar hasaba alnanda ABŞ-dan soňra Fransiýa, Ýaponiýa, Hytaý we Birleşen Patyşalyk degişlilikde öňdäki orunlary eýeleýär.
Arzuw Aganiyazowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby