Dünýäniň iň pajygaly söweşlerinden biriniň uly dostluk emele getirendigini bilýäňizmi?

Dünýäniň iň pajygaly söweşlerinden biriniň uly dostluk emele getirendigini bilýäňizmi?

Dünýäniň iň pajygaly söweşlerinden biriniň uly dostluk emele getirendigini bilýäňizmi?

1-nji Jahan urşunyň esasy frontlaryndan biri bolan Çanakgala fronty, taryhyň iň pajygaly söweşlerinden biriniň başdan geçirilen we her inedördül metre 6 müň gülläniň düşen, jemi 500 müň adamyň pida bolan söweş meýdanydy. Çanakgalada biri-birini tanamaýan ýurtlaryň esgerleri jaýlandylar.

Antanta girýän döwletleriň güýçleriniň arasynda uzak diýarlardaky öýlerini taşlap, iňlis goşunlarynyň hatarynda söweşmek üçin gelen awstraliýaly we täze zelandiýaly, ýagny anzak esgerleri hem bardy.Anzak we türk esgerleri söweş meýdanynda diňe birek-birek bilen söweşmediler.

Söweşiň daşynda birek-birege sarpa goýup, dostlukly gatnaşyklar açdylar.Frontda egin-eşiklerini ýuwup, asmak üçin bukylaryndan çykan esgerler, bir-birlerine od açmagy pikirem etmediler.Bukylardan bir-birlerine çilim, şokolad, kişmiş, kak injir we sowgatlar ugratdylar.

Söweş gutarandan soň anzak goşunlarynyň serkerdesi, general Godli Osman güýçlerinden anzak gonamçylygyna sarpa goýulmagyny isleýän ýüzlenme goýup gitdi.Aslyna seredilende şeýle çagyryşa zerurlyk ýokdy.Sebäbi türkler söweşde jan beren ähli esgerlere öz ogullary ýaly eýe çykdylar.

Anzak esgerleriniň gury ýere çykan aýlagy ýogalan esgerlere sarpa goýmak üçin “Anzak aýlagy” atlandyryldy we 1915-nji ýylda Gallipolide gury ýere çykylan gün bolan 25-nji aprel “Anzak güni” hökmünde kabul edildi.

“Ýurtda parahatçylyk, dünýäde parahatçylyk” diýen M.K. Atatürkiň 1934-nji ýylda anzaklary hatyralama dabaralary üçin çap eden ýüzlenmesi iňňän möhümdi:

“Bu ýurtda ganlaryny döken gahrymanlar! Siz, bärde dostlukly watanyň topragynda. Asuda we rahat ýatyň. Siz türk esgerleri bilen egin-egine, goýun-goýuna. Uzak diýarlardan ogullaryny söweşe ugradan eneler! Göz ýaşyňyzy diňdiriň! Ogullaryňyz biziň bağrymyzda, asuda we rahat uklarlar. Olar bu toprakda janlaryny berenden soň indi biziň ogullarymyz boldular.”

Ýene degişli makalalar

10-njy Noýabr Atatürki Hatyralama Hepdesi
Çanakgala Ýeňişine 109 Ýyl Doldy
"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy
Çanakkalede Bosgunlary Alyp Barýan Gämi Batdy