Dünýäniň iň owadan köçeleri

/* custom css */ .td_uid_19_60da64ad90ef9_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60da64ad90ef9_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Merkezi edarasy Londonda ýerleşýän “Time Out” mediýa kompaniýasy dünýäniň iň owadan köçeleriniň sanawyny düzdi.

Sanaw jemi 27 müň adamyň ses bermegi arkaly taýýarlanypdyr. “Time Out”-yň bilermenleri teklip edilýän köçeleri ýakyndan öwrendi.Sanaw taýýarlananda, köçäniň jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary, medeni merkezleri we dynç alyş ýaly ugurlarda şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hödürlenýän mümkinçiliklere garaldy.

Sanawyň başynda Awstraliýanyň Melburn şäherindäki janly ýerine ýetirilýän aýdym-sazly kafedir restoranlary bilen meşhurlyk gazanan “Smith Street” köçesi bar.Ikinji ýerde Ispaniýanyň Barselona şäherindäki “Passeig de Sant Joan” köçesi bar.

Aslynda bu şäheriň iň meşhur köçesi “Las Ramblas” hasaplanýar. “Passeig de Sant Joan” o diýen meşhur bolmasa-da “ýaşyl koridorly” bolandygy üçin sanawyň öňdäki orunlaryna çykypdyr.Köçede welosipedçiler üçin ýörite ýodalar, giň ýanýodalar, agaçlar we oturmak üçin has köp ýer göz öňünde tutulypdyr.

London şäheriniň içinden akyp geçýän Temza derýasynyň kenaryndaky “South Bank” sanawda üçünji bolupdyr.Köçäniň ugrunda Milli teatr we Şekspiriň “Globe” teatry ýerleşýär.Bu teatrlaryň ikisi hem tomus paslynda öz tomaşaçylaryny kabul edýär.

Köçäniň gyrasyndaky ýörelýän ýoda, derýanyň aňrysyndaky owadan binalar köçäniň gözelligine gözellik goşýar.Kubanyň paýtagty Gawanadaky “San Isidro” köçesi taryhy arhitekturasy, reňkli binalary, iň gowy restoranlary bilen şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň köp barýan ýerleriniň biri hasaplanýar.

Bäş asyrdan gowrak taryhy bolan Gawananyň bu köçesinde dürli döwürlere degişli binagärlik nusgalaryny görmek bolýar.ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Los Anjeles şäherindäki “Sunset” bulwary bäşinji ýeri eýeläpdir. “Time Out”-yň redaktorlary dünýäniň iň owadan köçeleriniň sanawyny ilkinji gezek taýýarladylar.

Geçen ýyl dünýäniň köp şäherinde köçä çykmagyň çäklendirilmegi muňa sebäp bolupdyr.Sanawdaky beýleki şäherler şeýleräk: “Witte de Withstraat” (Rotterdam, Niderlandlar), “Rua Três Rios” (San Paulo, Braziliýa), “Haji Lane” (Singapur), “Rua Rodrigues de Faria” (Lizbon, Portugaliýa) we “Calle Thames” Buenos Aýres, Argentina).

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Waşington şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar geçirildi
Dünýäniň iň owadan etraplary saýlandy
Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçirilýär
Joan Rouling çagalar üçin täze kitabyny çykarar
Dünýäniň iň uly miwedir gök önümleri
Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini öwrenýän arheologlaryň onlaýn-duşuşygy geçirildi