Dünýäniň iň owadan etraplary saýlandy

Angliýanyň Time Out žurnaly dünýäniň iň owadan 40 etrabyny saýlady. Dünýäniň iri metropollaryndaky bu etraplar diňe daşky owadanlygy bilen däl, medeni gymmatlyklary, aşhanasy we jemgyýetçilik hyzmatlary bilen hem özüne çekýär.

Her ýylda ýaýradylýan sanaw dünýäniň dürli ýerlerindäki syýahatçylyk bilermenleriniň, ýazyjylaryň we jahankeşdeleriň goldaw bermeginde taýýarlanýar.Sanawa girizilen etraplar ýerli medeniýeti, sungaty, jemgyýetçilik iýmiti bilen öňe saýlanyp, myhmanlarda täsirli ýatlamalary galdyrýar.

Sanawyň birinji ornuny Kolumbiýanyň Medellin şäheriniň Laureles etraby eýeläpdir.Dürli medeniýetleriň birleşen ýeri bolan Irlandiýa Respublikasynyň Dublin şäheriniň Smitfild etraby ikinji bolupdyr.Madridiň Karabançel etraby üçünji orny alypdyr.

Dördünji ýeri Kopengagen şäheriniň Hawnen etraby, bäşinji orny Gonkongyň Sýonwan etraby eýeläpdir.Liwerpul şäheriniň Baltika üçburçlugy Angliýanyň, Täze Orlean şäheriniň Mid-siti etraby ABŞ-nyň iň gowy etraby saýlanypdyr.

Awstraliýanyň Melburn şäheriniň Brunswik-Ist etraby umumylykda altynjy, Okeaniýada birinji ýeri eýeledi.Sanawdaky etraplaryň 17-si Ýewropanyň şäherlerinde ýerleşýär.

Bahar ATAÝEWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

2023-nji ýylyň sport kalendary
Ýaşamaga iň oňaýly 10 şäher
Iň gowy şäherler sanawy düzüldi
Derňew: Türkmenistanda žurnalistiň ölümi pagta meýdanlarynda mejbury zähmetiň öňündäki perdäni açýar
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler indiki ýyl Aşgabatda geçiriler
В США СОСТОЯЛИСЬ ЕЖЕГОДНЫЕ ТУРКМЕНО-АМЕРИКАНСКИЕ ПОЛИТИЧЕСКИЕ КОНСУЛЬТАЦИИ