Dünýäniň iň özüne çekiji binaly şäherleri

Ýewropa dünýäniň iň owadan şäherleriniň täze sanawynda ilkinji onlugyň dokuzysyny eýeleýär. Bu barada “Euronews” web saýty habar berýär. Sanaw müňlerçe ýyldan bäri binagärlikde tebigatyň gözelligini deňagramly, sazlaşykly ulanyp, altyn ölceg düzgünine laýyk gelýän binalaryň sanyna esaslanýar.

Beýik Britaniýanyň “Online Mortgage Advisor” web sahypasy tarapyndan düzülen sanawyň ilkinji onlugyna Ýewropanyň paýtagtlarynyň ençemesi girýär. Eýsem haýsy şäherlerde dünýäde iň özüne çekiji binalar bar?

Wenesiýa egrem-bugram kanallary we eklektik binagärligi bilen ilkinji orny eýeleýär.Geçirilen barlaglaryň netijesine görä, şäheriň binalarynyň 83 göteriminden gowragy ýokary ülňülere laýyk gelýär.Italiýanyň bu şäheriniň jahankeşdeleriň arasynda beýle meşhur bolmagy ýöne ýere däldir. Çünki 2023-nji ýylda 5,7 million adam bu şähere gelip gördi.

Bu sanlaryň agdyklygyna görä, gadymy port şäheri bu ýyl jahankeşdeleriň sanyny çäklendirmek maksady bilen syýahatçylyk salgydyny girizdi we ýakynda syýahatçylyk toparyna 25 adamdan köp bolmadyk çäklendirme girizdi.

Şeýle hem Italiýa özüniň iň owadan ikinji şäheri bilen tapawutlanýar: paýtagt Rim altyn ölçege laýyk gelip, ony Ýewropanyň paýtagtlarynyň iň naýbaşysyna öwürýär.

Ispaniýanyň Barselona şäheri üçünji orunda gelýär.Ondan soň Çehiýanyň paýtagty Praga gelip, şäher keramatly Wita sobory bilen öňe saýlanýar.Bäşinji orny sanawdaky Ýewropanyň daşyndaky ýeke-täk şäher bolan ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheri eýeledi.

Binagärlik taýdan iň owadan 10 şäheriň arasynda Afiny (Gresiýa) altynjy orny, Budapeşt (Wengriýa) ýedinji orny, Wena (Awstriýa) sekizinji, Bordo (Fransiýa) dokuzynjy orny we Milan (Italiýa) onunjy orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Milli ykdysadyýetimizde belent sepgitler
Hyzmatlary dolylygyna online usulyna geçirmek müşderileriň rahatlygy
Online okuw sapagy
Ussatlyk sapagy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Türkmenistanda mejbury abuna ýazylyşyk onlaýn görnüşe geçýär