Dünýäniň iň köp ilatly şäherleri

2024-nji ýylyň durmuş-ykdysady taýdan dünýäniň iň köp ilatly şäherleri belli boldy. Şeýle şäherleriň arasynda 10 şäher has-da öňe saýlanýar.Maglumatlara görä, häzirki wagtda dünýäniň ilaty 8 milliarddan geçýär.

Biz aşakda gürrüň berjek şäherlerimiziň ilaty mukdar taýdan dünýä ilatynyň artmagyna goşant goşdy.Size durmuş-ykdysady we medeni ösüşiň merkezine öwrülen 10 şäheri hödürleýäris.Tokionyň ilaty 37 milliondan gowrak. Ýaponiýanyň paýtagty dünýäde iň uly şäher bolup, onuň ilatynyň gürlügi her inedördül kilometre, takmynan, 6224 adam düşýär.

Ykdysady ösüş Ikinji jahan urşundan soň başlanyp, guramaçylykly zähmet arkaly dowam etdirilýär. Şäher özboluşly infrastrukturasy we ösen ulag ulgamy bilen tanalýar.Deliniň ilaty 33 milliondan gowrakdyr.Hindistanyň paýtagty ilat sany babatda ikinji orunda gelip, ilatynyň gürlügi boýunça her inedördül kilometre 13,7 müň adam düşýär.

Deli ösýän pudaklary we maýa goýumlary bilen migrantlary özüne çekýär. Çunziniň ilaty 32 million adama deň.Hytaýyň iň uly şäherleriniň biri hasaplanýan Çunzin häzirki zaman binagärçiligi we ösen senagaty bilen meşhurdyr. Şäheriň ýokary iş haklary, ýaşaýyş jaýlarynyň arzanlygy we işlemek üçin oňaýly iş şertleri hytaýly ýaşlaryny özüne çekýär. Şanhaýyň ilaty 29 milliondan gowrakdyr.

Ilatynyň gürlügi boýunça her inedördül kilometre 6 müň 340 adam düşýän Hytaýyň bu şäheri dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezlerinden biri hasaplanýar. Şanhaý şäherinde sebitiň iň uly deňiz porty ýerleşip, möhüm ulag merkezi hasaplanýar.

Dakkanyň ilaty, 24 million adama deň.Bangladeşiň paýtagtynda ýaşaýan ilatyň gürlügi boýunça her inedördül kilometre, takmynan, 22 müň adam düşýär.Dakanyň ýaşaýjylary, esasan, öý hojalyk işleri bilen meşgullanýarlar.

Dakkada taksi sürüjileriň sany 400 müň adama ýetýär.Mundan başga-da, Dakka daşky gurşawyň hapalanmagy boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.San-Paulonyň ilaty 22,8 million adama deň.

Braziliýanyň bu iri şäheriniň ilatynyň gürlügi ýokary bolup, her inedörül kilometre 7,216 adam düşýär.San-Paulo Latyn Amerikasynyň söwda we senagat merkezi hasaplanýar.Kairiň ilaty 22 million adama deň.

Müsüriň paýtagtynyň ilatynyň gürlügi her inedördül kilometre 19 müň adam düşýär.Hökümet bu şäherdäki ilatyň köp bölegini Kairiň töweregindäki täze şäherlere göçürmek bilen baglanyşykly meýilnamalaryň üstünde işleýär.Mehikonyň ilaty 22 milliondan gowrak adama deň.

Paýtagtyň her inedördül kilometrine 5 müň 270 adam düşüp, şäher köp sanly meseleler bilen ýüzbe-ýüzdür. Şeýle-de bolsa, bu şäher ýurduň iň uly ykdysady we medeni merkezi bolup galýar.

Pekiniň ilaty, takmynan, 22 million adama deň.Hytaýyň paýtagty içerki migrasiýasyny üstünlikli dolandyrýar we ýokary howpsuzlyk derejesini saklap, jahankeşdeleri we maýadarlary özüne çekýär. Şäheriň her inedördül kilometrinde, takmynan, 1 müň 300 adam ýaşaýar.

Mumbaýyň ilaty 21 milliondan gowrak adama deň.Hindistanyň iň uly şäherleriniň biri bolan Mumbaýyň her inedördül kilometrinde 22 müň adam ýaşaýar.Mumbaý özüniň gözel ýerleri bilen köpleri özüne çekýär. /* custom css */ .td_uid_15_672f5100b888e_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_672f5100b888e_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Jeff Bezos dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny ýitirdi
Hindistanda Merkezi Aziýa bilen aragatnaşyga bagyşlanan Çabahar güni geçirildi
Ilkinji Russiýa-Hindistan ýük otlusy Türkmenistandan geçdi
Russiýa Türkmenistana 81 000 tonnadan gowrak armatura iberer, Aşgabatda Ýylyň mugallymy yglan edildi, Ýüpek ýoly ralli-reýdi badalga aldy we beýleki habarlar
Şahruh Han kino dolanýar
Russiýa Türkmenistanyň üstünden Hindistana barjak konteýner otlusyny ugratdy