Duz bölejiginden hem kiçi bolan, örän ýiti bolaýmasa, göz bilen hem görüp bolmaýan ýantorba 63 müň dollara satyldy. Örän kiçi bolansoň, ýany bilen ulaldyp görkezýän sanly ekran bilen mikroskop hem berilýär.
Onlaýn söwdany “Joopiter” atly auksion öýi gurnady.Sarymtyl ýaşyl reňkli zenan ýan torbasy fransuz lýuks moda brendi “Louis Vuitton”-yň “OntheGo” atly modeline meňzedilipdir.Torba şepbigiň fotopolimerizasiýa bilen işlenmegi bilen döredilipdir.
Torbanyň iňňäniň deşiginden geçip biljekdigi mälim edildi.