Diňe 3 sanysy öndürildi
Angliýanyň lýuks awtoulag öndüriji brendi “Rolls-Royce” ýörite işlenip düzülen “Boat Tail” atly ulagyny tanyşdyrdy.Bahasy 20 million funt sterling bolan ulag 2019-njy ýylda 11,5 million funt sterlinge satylan “Bugatti La Voiture Noir”-iň rekordyny täzeledi. Ýörite sargyt esasynda ýasalanda ulaglaryň bahasy adatdakysyndan has gymmat bolýar. “Rolls-Royce Boat Tail”-iň yz tarapynda nahar iýilýän stol, içimlikler üçin sowadyjy, aýlanýan kiçi stollar, açylyp-ýapylýan oturgyçlar we saýawan bar.
Yz tarapdaky gapaklar açylanda, ganata meňzeýär.Içki dizaýnda, öň tarapda Şweýsariýanyň iň meşhur sagat öndüriji kompaniýasy bolan “BOVET 1822”-niň sagatlary ýerleşdirilipdir.Sagatlaryň biri goşara dakmak niýetlenen bolsa, beýlekisi ulaga oturdylypdyr. “Coupe” görnüşli ulagyň uzynlygy 5,8 metr bolup, üsti açylyp-ýapylýar. “Phantom” modeliniň bazasynda döredilen ulagyň kapotynyň aşagynda göwrümi 6,75 litrlik goşa turboly V12 motor bar.
Bu hereketlendirijiniň kuwwaty 563 at güýjüne barabar.Ulagdan bary-ýogy üç sanysynyň öndürilendigi mälim edildi.Ulaglary kimleriň sargyt edendigi aýdylmady.