Dünýäniň iň gymmat şäherleri

Bermud adalarynyň paýtagty Hamilton 2022-nji ýylyň birinji ýarymynyň netijelerine görä, ýaşaýşyň bahasy boýunça şäherleriň sanawynda birinji orunda durýar.Barlagyň netijeleri Numbeo web sahypasynda mälim edildi.Iň gymmat şäherleriň sanawynda ikinji ýerde Bazel, üçünji ýerde Sýurih gelýär. Şeýle hem ilkinji onluga Sug, Lozanna, Bern, Ženewa, Gonolulu, Santa-Barbara we Nýu-Ýork girdi.2021-nji ýylyň dekabrynda Expat Insider-iň bilermenleri daşary ýurtlularyň ýaşamagy we işlemegi üçin dünýäniň iň gowy şäherlerini kesgitlediler.

Bu sanawda Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Malaga (Ispaniýa), Dubaý (Birleşen Arap Emirlikleri), Sidneý (Awstraliýa) we Singapur öňdäki orunlary eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Los- Anželesiň golaýyndaky ýangyn köp sanly adamyň ewakusasiýa edilmegine sebäp boldy
Ýangynda kül bolan Günorta Kaliforniýa güýçli ýel hem-de ýangyn howpy abanýar
Santa şu gün ýola düşýär
Madridiň merkezinde müňlerçe Aýazbabalaryň ylgawy geçdi
ÝAŞ SAZANDALARYŇ ARASYNDA BÄSLEŞIKLI BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny