Dünýäniň iň gymmat şäherleri

ECA International kompaniýasy dünýäniň iň gymmat şäherleriniň täze sanawyny taýýarlady.Sanaw taýýarlananda, süýt, ýag we çörek ýaly esasy azyk harytlary bilen bir hatarda öýleriň kärende bahasy, jemagat hyzmatlary üçin tölegler, jemgyýetçilik ulaglarynyň ýol nyrhy we ýerli pul birliginiň hümmetliligi göz öňünde tutulypdyr.

Sanawyň ilkinji onlugyna giren şäherleriň ýarysy Aziýada ýerleşýär. Şeýlelikde, Aziýa iň gymmat yklym bolupdyr.Sanawyň birinji ornuny Gonkong eýeleýär.Aziýanyň beýleki köp ilatly şäherleri bolan Tokio (Ýaponiýa), Şanhaý (HHR), Guançžou (HHR) we Seul (Koreýa Respublikasy) ilkinji onlukda ýer alypdyr.

Mundan ozal bu sanawyň ýokarky basgançaklarynda orun alýan Pariž ilkinji 30-dan hem aşak düşüpdir. Madrid, Rim we Brýussel ýaly beýleki Ýewropa şäherleri hem aşaky basgançaklara düşüpdir. Bilermenler soňky wagtlarda ýewronyň hümmetsizlenmeginiň täsiriniň bardygyny belleýärler. Şol sebäpli Ýewropa sebitindäki ähli şäherlerde diýen ýaly düşüş hasaba alnypdyr.

Ýewropanyň iň gymmat şäheri Gonkongdan we Nýu-Ýorkdan soňra üçünji ýeri Ženewa şäheri alypdyr. Ýewropa Bileleşigi bilen berk aragatnaşyk saklaýan Ženewada ýewro däl-de, şweýsar franky ulanylýar.

Gülendam JUMAKULYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Uçýan awtoulag öndürýän ilkinji zawod
8-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Mişlen ýolbeledi iň arzan restoranlary bolan şäherdir ýurtlary anyklady
Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy
Türkmenistanyň wekiliýeti V Bütindünýä media-sammitiniň işine gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti 5-nji Bütindünýä Metbugat sammitine gatnaşýar