Dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň 100-si belli edildi

Dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň 100-si belli edildi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat kompaniýasy diýlip yglan edildi. Interbrand Corp. konsalting kompaniýasynyň barlaglarynyň netijesinde onuň brendi 502,6 milliard dollar bahalandy diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Apple eýýäm on bir ýyldyr, sanawda ilkinjiligi saklap gelýär. Ikinji orunda 316,6 mlrd dollar bahasy bilen Microsoft, ondan soňra Amazon (276,9 mlrd) we Google (260,2 mlrd) gelýär. Ilkinji bäşligi, geçen ýyldaky ýaly, 91,4 mlrd dollar bahalandyrma bilen günorta koreý Samsung kompaniýasy jemledi.

Toyota altynjy orunda (64,5 mlrd dollar) orun aldy, ondan soňra Mercedes-Benz (61,4 mlrd), Coca-Cola (58 mlrd), Nike (53,7 mlrd) we BMW (51,1 mlrd) ýerleşdiler.

Interbrand Corp. kompaniýasynyň seljerijileriniň sözlerine görä, dünýäniň iň gymmat brendleriniň umumy bahasy geçen ýyldakydan 5,7 göterim artypdyr.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat brendleri
Arassa girdejisi peselenden soň, Nike-yň paýnamalary 14% diýen ýaly arzanlady
Nike kompaniýasynyň girdejileri 22 göterim azaldy
Nike robota krossowkany arassalamagy öwretdi
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
Türkmenistan Germaniýa howa gatnawlarynyň tertibi, ahally bagban ekzotiki miwe ösdürip ýetişdirýär, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy halkara pasportlaryny resmileşdirmegi bes etdi